
Häzirki wagtda ýaşlara dünýä derejesinde döwrebap bilim bermek, olary merdana pederlerimiziň milli ruhunda terbiýelemek işi has-da kämilleşdirilýär. Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesillerimizi watançylyk ruhunda terbiýelemekde jemgyýetiň ruhy sütünini emele getirýän milli mirasymyz, däp-dessurlarymyz, taryhymyz we edebiýatymyz uly orun tutýar.
Raýatlarymyzyň watansöýüjiligini berkitmekde türkmen edebiýatynda öçmejek yz goýan şahyrlarymyzyň gaýtalanmajak öwüt-nesihatlary wajyp ähmiýet eýeleýär. Şol eserleriň arasynda dünýä meşhur beýik söz ussadymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň watançylyk, terbiýeçilik ähmiýeti aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Dana şahyr Watana bolan söýgüsiniň üsti bilen Watanyň bahasyna ýetip bolmajak baýlykdygyny hem-de onuň gadyr-gymmatyny beýan edýär. Magtymguly kalbynyň joşguny bilen döreden şygyrlaryny, ähli pikirlerini ilkinji nobatda türkmen halky we onuň ykbaly bilen baglanyşdyrýar. Şahyryň şygyrlary öz döwründe ruhy goldawa teşne ynsanyň kalbyny ruhlandyrýar. Dana şahyryň dürdäne paýhaslary nesillerde türkmen halkyna mahsus bolan iň ajaýyp adamkärçilik sypatlaryny terbiýeleýär.
Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň abraýyny, mertebesini belent derejelere göteren beýik akyldar şahyr, türkmen ruhunyň synmajak sütüni bolup durýar. Ol öz döredijiliginde türkmen halkynyň agzybirligini berkitmegi, özbaşdak döwlet gurmagyny gazanmagy, adam mertebesini belent derejä götermegi inçelik bilen beýan etmegi başarypdyr.
Dana şahyrymyz goşgy setirlerinde türkmen ýigitleriniň häsiýetlerinde watansöýüjiligiň, mertligiň, batyrlygyň terbiýelenmegine örän uly ähmiýet beripdir. Şonuň ýaly-da, berkarar Watan we arassa ahlaklylyk ugrunda giň dünýägaraýyşly, sagdyn pikirli we kämil endikli ýaş nesilleriň terbiýelenmegi şahyryň öz öňünde goýan esasy maksatlarynyň biri bolupdyr. Magtymguly Pyragy öz ýurduna, onuň gözel tebigatyna, baýlyklaryna guwanypdyr. Ol halkyň bir başa jem bolup, özbaşdak döwlet gurmagyny ýürekden isläpdir hem-de goşgularyna özüniň arzuw-hyýallaryny siňdiripdir. Muny şahyr «At islärin» goşgusynda:
Pyragy yşka ugraşdym,
Derýa girdim, möwje düşdüm,
Hor galmasyn puştdyr-puşdum,
Berkarar döwlet islärin.
— diýen setirleriniň üsti bilen beýan edipdir.
Şeýle hem «Döker bolduk ýaşymyz» ýaly goşgusynda:
Hydyr gezen çölde iller ýaýylsyn,
Ýurt binamyz gaýym bolsun, goýulsyn…
— diýen setirleriniň üsti bilen öz halkynyň ýurdunda döwlet gurup, asuda hem-de bir maşgala ýaly agzybir ýaşamagy baradaky arzuwlaryny beýan edipdir.
Şahyryň Watana bolan mährinden doly bu dürdäne setirleri hemmeleri ynsanperwer ýaşamaga, dostlugy berkitmäge, halkyňy, Watanyňy söýmäge çagyrýar. Beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň erkinlik, özbaşdaklyk, agzybirlik ýaly halkyň asylly pikirlerini özünde jemleýän eserleri bu gün türkmen halkynyň ruhuny has hem belende göterýär.
Merdan TÄŞLIÝEW,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň koreý dili hünäriniň talyby.



