
Owadan saçlar – sagdyn durmuşyň,dogry iýmitlenmegiň görkezijisidir. Saçyň gowşamaklygyna (guraklygyna, düşmegine, öwüşgininiň üýtgemegine) sebäp bolup biljek faktorlara daşky gurşaw, nerw dartgynlygy, käbir kesellere saça nädogry ideg etmeklik degişlidir.
Saçy göni gün şöhlesinden, aýazdan, deňiz suwundan goramalydyr. Saçlary fen bilen guratmaklyk hem zyýanlydyr, ol saçy guratmaklyk hem zyýanlydyr, ol saçy guradýar hem-de port edýär.
Adamyň saçy ýörite idege mätäçdir. Ony wagtly-wagtynda ýuwup, darap, bejerdip durmaly. Sebäbi saç diňe adamyň kellesini tebigatyň zyýanly faktorlaryndan goramak bilen çäklenmän, ol her bir ynsana görk-görmek, ýaraşyk berýär. Sagdyn, kadaly, ýagly saçlar gelşikli, öwüşginli, goňaksyz bolsa ýeňil daralýar. Gurak saçlaryň reňki ösgün bolup, tarlaryň uçlary ýarylýar. Ýagly saçlar bolsa özboluşly ýagly öwüsýär, köplenç goňakly bolýar.
Saçy nähili ýuwmalydygyny, haýsy şampuny ulanmalydygyny her bir adamyň özi, öz saçynyň ýagdaýyna görä kesgitlemeli. Käbir saçlar ýygy-ýygydan ýuwulmagyny talap etse, käbiri selçeňräk, hepdede 2 gezekden artyk ýuwulsa halamaýar. Saç ýuwuljak suw juda gyzgyn bolmaly däldir. Gyzgyn suw saçy guradýar, onda goňak döremegine getirýär. Saç ýuwulanda öz saçyňyza görä şampun saýlap almagy hem ýatdan çykarmaly däldir. Eger saçyňyzda goňak bar bolsa, onda goňagyň garşysyna ulanylýan şampunlary saýlap almak maslahat berilýär. Eger-de saçyňyz ýagly bolsa, onda ýörite ýagly saçlar üçin, gurakn bolsa, onda olar üçin niýetlenen şampunlary ulanmaly. Saçlaryň daralmasy kyn bolsa, hem-de öwüşgin bermek üçin ýörite saçlara niýetlenen ýapgydyr, balzamlar ulanmak maslahat berilýär. Käbir adamlary saçyň köp düşmegi biynjalyk edýär. Eýsem munuň sebäbi nämedekä? Eger dogry seredilýän, ideg edilýän saç köp düşse, onuň sebäplerini başga zatlardan gözlemeli. Ol dürli nerw, ýokanç kesellerden soň, az ganlylykda, endokrin mäzleriniň iş bozulanda, çenden aşa köp çilim çekilende, arak içilende düşüp biler. Bu ýagdaýda kosmetolog lukmanlara ýüz tutup, olaryň maslahaty boýunça dürli serişdeler ulanylýar.
Gülbahar BÄŞIMOWA,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Dänew etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.