Sagdyn durmuş

Beden terbiýesi: hereket we dynçlyk

Ýadygäri ibn Şeripden parçalar

20-04-2023 / 30

Hiç hili güman ýok,  tebigy gyzgynlyk adam oglunyň teninden az-azdan bölünip çykýandyr. Hereketler süňňümizdäki zyýanly buglaryň bedenden daşary çykmagyna getirýär. Beden agzalaryny sazlaşdyrýar, bedene medet berýär we onuň güýç-gurbatyny dikeldýär.

Bedeniň öz tebigy ýylylygy bar, emma beden agzalarynyň hereketi hem şol ýylylygyň oýanmagyna getirýär. Bu herekete  türgenleşik diýilýär. Bedeniň tebigy güýç-gurbatyny, ruhuň joşgunlylygyny we gaýratyny öz derejesinde saklamak – saglygy gorap saklamagyň we berkitmegiň girewidir. Herekete sarp edilen güýjüň öwezini biz ýene hereket – maşk bilen dolup bilýäris.  Iýmitiň siňmesi iýmite we ýagdaýa görä  dürli-dürli bolýar.

Beden terbiýesi, türgenleşik süňňümizdäki tebigy ýylylygy zyýada edýär.  Her gün bedende galan artykmaçlaryň doly siňmegini ýa-da daşyna çykmagyny ýeňilleşdirýär. Her kim ýagdaýyna, güýç-gurbatyna görä başarýan maşklaryny ýerine ýetirmeli. Ata münmek  ynsan saglygyna örän peýdalydyr.

Ýeňiş TOÝLYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu