
Halkymyz adamlaryň bir-birine bolan belent söýgüsiniň, sylag-hormatynyň dostlukda jemlenendigine göz ýetirip, çagalara kiçijikliginden berilýän terbiýäni dostluk gatnaşyklary bilen baglanyşdyrypdyrlar. Geljekki nesillere-de nusga bolsun diýen ýagşy niýet bilen adamlaryň dostlukly, mährem gatnaşyklaryny, wepalylygyny, bir-birleri bilen ýürekdeşligini beýan edýän halky eserleri döredipdirler. Halk döredijiliginiň ähli görnüşlerinde, esasan hem, ertekilerde, dessanlarda, “Gorkut ata” eserinde adamlaryň dostluk gatnaşyklary giňden şöhlelendirilipdir.
Gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan “Gorkut ata” eserinde türkmen halkynyň irki döwürlerde adamlar arasyndaky gatnaşyklary gahrymanlaryň keşbiniň üsti bilen, diýseň, ynandyryjy suratlandyrylypdyr. Pederlerimiziň “Ýigidi dostundan tana” diýen nesihatynyň manysyna hut şu şadessandaky dostlukly gatnaşyklaryň mysalynda hem göz ýetirmek bolýar. Bu eserde beýan edilişine görä, on bäş ýaşyna ýeten ýigdekçäniň diňe bir edep-terbiýesi ýetik bolman, ol gerek bolsa ata atlanyp, il-ýurt bähbitli işleri bitirip bilipdir. Özi bilen häsiýetdeş oglanlar bilen dostlukly gatnaşyklary ýola goýmagy hem başarypdyr. Bamsy Biregiň dostlary edil özi ýaly mert, edermen, ene-atasyny hormatlaýan, il-ýurduny ýürekden söýýän oglanlar. Olaryň biri-biri bilen ýürekdeşligi, häsiýetdeşligi bolsa başa iş düşende has aýdyň bolýar.
Halky eserlerde beýanyny tapan türkmen halkynyň mährem gatnaşyklarynyň nesilden-nesle geçendigine Gündogaryň kämil hem parasatly akyldary Abu Sahyt Abulhaýryň edebi döredijiliginiň mysalynda-da göz ýetirmek bolýar. Halk arasynda Mäne baba ady bilen tanalýan beýik pir özüniň ruhy-pelsepewi pikirlerini, ynsanperwer garaýyşlaryny, il-ýurduna, mukaddes topragyna bolan söýgüsini döreden rubagylarynyň tutuş süňňüne siňdiripdir. Akyldaryň göçme mana ýugrulan rubagylarynda gizlin syrlar dünýäsi öz beýanyny tapypdyr. Mäne babanyň halkyň kalbyna ýakyn bolan rubagylarynyň adamlaryň saglygyny bejermekde-de ähmiýeti uly bolupdyr. Akyldar adamlaryň bir-biri bilen ýakyn, dostlukly gatnaşykda bolmagy barada hemişe alada edipdir. Şeýle maksada eýeren Mäne baba ilkinji bolup hanaka (myhmanhana) gurdurypdyr. Ol ýerde uzak ýerlerden gelen myhmanlara ýaşamaga, ýygnanyşyp söhbetdeşlik etmäge, birek-birek bilen pikir alyşmaga oňaýly şertler döredilipdir. Bu ýagdaý bolsa şahyrlardyr alymlaryň dünýä syrlaryna düşünmegine, ylmy pikirleriň kämilleşmegine, esasan hem, adamlaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň pugtalanmagyna oňyn täsir edipdir.
Muhammetgeldi NURSÄHEDOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 1-nji ýyl talyby.



