
Durmuşa çynlakaý garaýanlaryň arasynda rysgal-döwletlilik düşünjesine ähmiýet bermeýäni ýok. Hatda käte bu hakdaky garaýyşlarymyzyň bir-biregiňkiden juda parhlydygyna garamazdan, ählimiz işlerimiziň ugrugyp gitmegini we çekýän zähmetimiziň haýrynyň, höziriniň bereketli bolmagyny isleýäris. Säher çagy we ýatar wagty dillerimizde senalaýan ýagşy dileg-dogalarymyzda hem saglyk bilen agzybirlikden soňra rysgal-döwletlilik we bereketlilik ýatlanylýar. Ýaşulular bilen söhbetdeşlikde, deň-duşlar bilen gürrüňdeşlikde bereketliligiň many-mazmuny, ömre ýetirýän täsiri dogrusynda pikir alşylýar.
Hikmetli sözlerde, peder paýhaslarynda berekedi egisýän we artdyrýan zatlar hakynda köp zatlar beýan edilipdir. Munuň üçin, ilkinji nobatda, çekýän zähmetiň halal bolmagy gerek. Işiňe sähel galplyk aralaşdyrdygyň, ol ähli yhlasyňy puç edip biler. Yhlas bilen dökülen der damjalarynyň mukdaryna barabar, hatda garaşanyňdan hem zyýada bir gönençlige gowuşmak isleseň, onda diňe halallyga gol bermek zerurdyr.
Berekedi artdyrýan zatlaryň ýene biri köpüň alkyşyna eýe bolmakdyr. Ýagşylyk bilen biriniň göwnüni göterip, ony ýagşy söz bilen dogry ýola gönükdirip bilmek, ýakyn garyndaşlaryň bilen gatnaşyp durmak berekedi zyýada edýän esasy sebäpleriň biridir. Çünki agzybirlik jemgyýetiň asudalygyny, ösüşini we jebisligini üpjün edýär.
Her bir zada aýawly, tygşytly çemeleşmek bereketli bolmagyň esasy çeşmeleriň biridir. Eşrete bigadyr garamak, bisarpa çemeleşmek berekediň egsilmegine getirýär. Bisarpalyk, ýagny isriplik halkymyzda hiç oňlanylmaýan häsiýetdir. Ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryna aýawly çemeleşmek, ajaýp durmuşymyzyň bolçulygynyň gadyryny bilmek ýaly uly bagt ýokdur.
Gülruh TAGAÝNIÝAZOWA,
TDP-niň Köýtendag etrap komitetiniň jogapkär işgäri.



