
Adamlar hemişe öz iýýän iýmitlerine ünsli garamalydyrlar. Çünki ähli iýmit adam üçin peýdaly bolup bilmez. Käbir iýmitleriň saglyga zyýanly täsirini ýetirýän halatlary-da bolýar. Şoňa görä, saglygymyzy goramak üçin, peýdaly önümleri ulanmalydyrys. Çünki peýdaly önümiň düzümindäki witaminler we mikroelementler howply täze döremelere garşy göreşmäge ukyplydyrlar. Mysal üçin, beta-karotin diýen madda howply çişleriň öýjüklerine garşy göreşip bilýär. Bu madda hurmada, erikde, garalyda, pomidorda, käşirde köp saklanýar. A, С, E witaminleriň hem edil şunuň ýaly täsiri bardyr. Bu witaminler şugundyrda, ysmanakda, deňiz suwotularynda köp mukdarda saklanýarlar.
Gök önümler we miweler witaminlerden, mikroelementlerden başga-da ösümlik süýümlerine baýdyr. Ösümlik süýümleri zyýanly maddalary we kanserogenleri özüne birleşdirip, bedenden daşyna çykarmaga kömek edýärler. Şeýlelikde, olar içegede çiş keseliniň döremeginiň öňüni alýarlar.
Iýmitlenmäge degişli maslahatlara eýerseňiz, keselleriň öňüni almakda gowy netije gazanyp bilersiňiz:
— Gündelik iýmitiňizde hökman gök önümleriň we miweleriň bolmagyny gazanyň.
— Gündelik iýmitiňizde bitewi ýa-da üwelen et önümleriň azyndan 35 gram bolmagy zerurdyr.
— Gündelik iýmitiňizde ýagly, gowrulan, tüssä kakadylan et önümleriniň az bolmagyny, olaryň ýerine gaýnadylan, buglanan et önümleriniň köpräk bolmagyny gazanyň.
— Aşa gyzgyn, aşa duzly, aşa ajy önümlerden daşda duruň.
— Her bir adam iýmitinde miweleri, sogan, sarymsak, gök çaý, kakadylan miweler, süýt önümleri, deňiz önümleri, limon ulanmaly.
Her bir adam öz saglygyna we ýakyn adamlarynyň saglygyna üns bermelidir.
Islendik keseliň hem iň ygtybarly bejergisi olaryň öňüni almakdyr.
Güljan ORAZOWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 1-nji ýyl talyby.