Žurnalistiň sahypasy

Sagdyn çaga — bagtly geljek

17-04-2023 / 9

Beýik rus ýazyjysy Maksim Gorkiýniň şeýle sözleri bar: «Çaga terbiýelemegi başarmak durmuşy giňden bilmegi talap edýän beýik işdir». Hakykatdan-da, ýaş nesil barada edilýän içgin alada — döwletiň, tutuş dünýäniň abadan geljeginiň binýadydyr.

BMG-niň «Çaganyň hukuklary hakyndaky» Konwensiýasynda, «Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakyndaky»  Türkmenistanyň Kanunynda we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda çaganyň doly derejede kemala gelmegini üpjün etmek we olaryň bähbitlerini goramak göz öňünde tutulýar.

Enäniň we çaganyň saglygyny goramak babatda halkara we milli derejeli çäreleriň uly toplumy durmuşa geçirilip, olar sagdyn nesliň kemala gelmegini we mynasyp ösmegini hem-de köpelmegini şertlendirýär. Ýurdumyzda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegi bu ugurda ýerine ýetirilýän işleriň üstüni ýetirdi.

Hormatly Prezidentimiziň tagallalary çagalaryň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge, olaryň şahsyýet taýdan kemala gelmegi we ukyplaryny ýüze çykarmaklary üçin turuwbaşdan ähli şertleri döretmäge gönükdirilendir. Munuň özi, ozaly bilen, Watanymyzyň, halkymyzyň geljeginiň ykbalyna bolan ýokary jogapkärçilige esaslanýandyr.

Amanbibi GURTMYRADOWA,
Daşoguz şäheriniň 1-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu