
Çagalar barada edilýän aladalar ummasyz bolup, olaryň her biri taryhy senelere altyn harplar bilen ýazylandyr. Çünki çagalaryň bagtyýarlygy nurana geljegiň gözbaşydyr. Biziň ýurdumyz bolsa, bagtly çagalygyň ýurdudyr.
Mekdebe çenli çagalar edaralarynda geçilýän sapaklar köp ugurly we ýokary ähmiýetliligi taýdan tapawutlanyp, olaryň ählisi hem sowat ösdürmäge, çagalaryň aň we beden taýdan ösüşini kämilleşdirmäge hem-de kämil derejede terbiýelemäge gönükdirilendir.
Hakyky kämillik fiziki hem-de aň sagdynlygynyň sazlaşygynda amal tapýar. Şonuň üçin-de, ynsan fiziki taýdan kämilleşmek bilen bir hatarda, haçan we nirede bolanda-da aň kämilliginiň aladasyny etmegi ýatdan çykarmaly däl. Çagalar baglarynda bu babatdaky işler örän guramaçylykly alnyp barylýar. “Sagdynlyk we ruhubelentlik” ady bilen sport çäreleri, milli oýunlaryň ýaryşlary yzygiderli guralýar. Munuň özi işleri, geçirilýän çäreleridir bäsleşikleri çagalaryň ýaş aýratynlygyna görä dürlüçe kesgitlemäge, olaryň dynç alşyny netijeli guramaga kömek edýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim-terbiýeçilik ojaklarynyň işiniň kämilleşdirilmegi, terbiýeçileriň we mugallymlaryň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagy, döwrebap usulyýete daýanýan sapaklaryň geçirilmegi, ýaş nesillerimiziň giň dünýägaraýyşly, baý başarnykly, sowat-terbiýeli ýetişdirilmegi ugrunda uly mümkinçilikler döredilýär.
Gawhar BEKMETOWA,
Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň 1-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri.



