Žurnalistiň sahypasy

Ekologik abadançylyk — möhüm wezipe

13-04-2023 / 9

Adamzadyň durnukly we howpsuz ösüşine wehim salýan meseleleriň ählisi Durnukly ösüş maksatlarynyň wezipelerinde öz beýanyny tapdy. Türkmenistan 2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň binýadyny düzýän bu maksatlary ilkinjileriň hatarynda kabul eden we milli derejede uýgunlaşdyran döwlet hökmünde durmuş-ykdysady syýasatyny daşky gurşawy goramak boýunça görülýän çäreler bilen utgaşykly amala aşyrýar.

Ýurdumyz tebigat-ynsan sazlaşygyny üpjün edip, daşky gurşawy goramak we ekologiýa meseleleri babatda hemişe oňyn çemeleşmelere we başlangyçlara eýerýär. «Ýaşyl» ykdysadyýet ýörelgesi tebigat üçin zyýansyz ösüşi, tebigy maýany saklap galmagyň we artdyrmagyň hasabyna önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmagy, zäherli we uglerod zyňyndylaryny azaltmagy, biodürlüligi giňeltmegi, raýatlaryň ekologik aň-düşünjeliligini ýokarlandyrmagy, ahyrky netijede bolsa ekologiýa taýdan abadançylygy üpjün etmegi göz öňünde tutýar.

Mälim bolşy ýaly, zyňyndylaryň derejesini doly peseltmek boýunça Türkiýe Respublikasynyň öňe süren başlangyjy bilen baglanyşykly wezipeler BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýokary derejedäki maslahatynyň gün tertibine girizildi. Bu foruma türkmen wekiliýeti hem gatnaşdy. Ýurdumyzyň bu başlangyjy we Durnukly ösüş maksatlarynyň ilerledilmegi boýunça tagallalaryň utgaşdyrylmagyny goldaýandygyny aýratyn bellemelidiris. Şeýle-de Türkmenistan Türkiýäniň teklibi boýunça «30-njy marty Zyňyndysyz dünýä üçin halkara gün diýip yglan etmek hakynda» 2022-nji ýylyň 14-nji dekabrynda kabul edilen Kararnamanyň ilkinji awtordaşy bolup çykyş etdi.

Zyňyndysyz dünýä üçin halkara gün — munuň özi sarp etmegiň durnukly we önümçiligiň daşky gurşawa zyýansyz nusgalaryny ilerletmekdir, şeýle hem galyndysyz önümçilik boýunça başlangyçlaryň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge ýardam berýändigini wagyz etmekdir.

Arslan MUSTAKOW,
«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu