
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň möhüm wakalarynyň birine öwrülen Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky VIII gurultaýynda öňde goýlan täze wezipeler ýaşlar syýasatynyň giňden dabaralanmagyna öz täsirini ýetirdi.
Ylymly, bilimli, watansöýüji we dörediji ýaşlarymyzyň gatnaşmaklarynda ata Watanymyzy, jemgyýetimizi demokratik ýol bilen ösdürmekde, agzybirligimizi we jebisligimizi üpjün etmekde bitirilen netijeli işlere baha bermek gurultaýyň özenini düzdi. Şeýle-de onuň dowamynda Ýaşlar guramasy tarapyndan amala aşyrylmaly işleriň meýilnamasy ara alnyp maslahatlaşylyp, guramanyň Tertipnamasyna üýtgetmelerdir goşmaçalar girizildi.
Watan, ýaşlar, geljek baradaky oňyn düşünjeler we garaýyşlar 2023-nji ýylyň şygarynyň düýp mazmunyny düzýär. Bu ýyly döredijilikli işler, zähmet üstünlikleri bilen şöhratlandyrmak, ählimiziň, ilkinji nobatda, bagtyýar ýaşlaryň mukaddes borjudyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyz hem-de ýaş nesillerimiz uly bagta eýe boldy. Bu bagt, bu beýik ynam ýaşlar üçin dünýädäki iň uly gymmatlykdyr. Her döwürde bitirilen işler, örülen kerpiçler mysaly, biri-biriniň üstüni ýetirip, nesiller üçin köpri bolup hyzmat edýär. Bu köprüler nesilleri özara jebisleşdiriji, dürs ýola gönükdiriji kuwwatly güýje eýedir, olar hemişe ýaşlar tarapyndan abatlanyp, pugtalandyrylyp, giňeldilip we uzaldylyp gelinýär. Sebäbi islendik zat ösüşiň täze tapgyrynda döwrüň, jemgyýetiň talabyna, islegine we ruhuna görä kämilleşdirilýär.
Biziň ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň göreldesine eýerip, Watana hyzmat etmegi ömrüniň manysyna deňeýän ýaşlaryň täze nesli kemala gelýär. Eziz Diýarymyzyň beýik geljeginiň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň bähbidine has-da yhlasly okamak, öwrenmek, döretmek ýaşlaryň baş maksady, mizemez ýol-ýörelgesidir.
Rahman ERGEŞOW,
TMÝG-niň Lebap welaýat Geňeşiniň başlygynyň orunbasary.



