Žurnalistiň sahypasy

Sagdyn günleriň joşguny

10-04-2023 / 7

Garaşsyz Diýarymyzda sporty we köpçülikleýin bedenterbiýe hereketini ösdürmäge uly üns berilýär. Halkymyzyň sagdyn durmuşda ýaşamagy, belent ruhly bolmagy ugrunda döredilýän mümkinçilikler biziň her birimizi buýsandyrýar. Bu işler biziň ýurdumyzda adam sarpasynyň belentde tutulýandygyny, onuň saglygy hakynda uly aladalar edilýändigini alamatlandyrýar. Biz munuň şeýledigini Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzyň 7-nji aprelinde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli geçirilen dabaralaryň mysalynda hem has anyk göz ýetirdik.

Türkmen halkynyň Milli Lideri — Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäherinde guralan köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşmagy, hormatly Prezidentimiziň Aşgabat şäherinde guralan welosipedli ýörişe gatnaşmagy, bu ýörelgäniň ýurdumyzyň ähli sebitlerinde hem mynasyp ýaýbaňlandyrylmagy, Olimpiýa şäherçesinde halkara ýaryşlarynda ýeňiş gazanan türgenleriň sylaglanylmagy şol günüň taryhy wakalary hökmünde hakydalarda orun aldy.

Şanly sene mynasybetli hormatly Prezidentimiziň Gutlagy hem sagdynlygy hemra edinen halkymyzyň ruhubelentligini artdyrdy. Arkadagly Serdarymyzyň Gutlagyndaky: “Bütindünýä saglyk güni dostlugyň we parahatçylygyň, sportuň, ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini dabaralandyrýan,  jemgyýetimiziň agzybirligini, jebisligini  alamatlandyrýan sene hökmünde milli  senenamamyzda aýratyn orun tutýar. Şonuň üçin hem dünýä bileleşigi bilen bilelikde eziz Diýarymyzda-da ýaz paslynyň jana şypaly günlerinde bu halkara baýram ýokary ruhubelentlikde giň­den bellenilýär. Bütindünýä saglyk gününiň şanyna köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we medeni  çäreleriň geçirilmegi sagdynlygyň hem-de ruhubelentligiň ýurdy hökmünde döwletimiziň abraýyny dünýä ýaýýar” diýen sözler bolsa, bu günüň tutuş adamzat üçin hem ýokary ähmiýetlidigine göz ýetirmäge doly mümkinçilik berýär.

Biz — ýaşlar bolsa Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk ýörelgesine eýerip, Arkadagly Serdarymyzyň parasatly sözlerinden ugur alyp, milli mertebesi barha belende göterilýän sagdynlygyň ýurdunda yhlasly okaýarys, bedenterbiýe bilen giňden meşgullanýarys. Bu eşretli eýýam üçin bolsa Milli Liderimize hem-de Arkadagly Serdarymyza egsilmez alkyşlar aýdýarys.

Didar ARTYKGULYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu