Žurnalistiň sahypasy

Sagdyn durmuş ýörelgeleri berkarar edilýär

10-04-2023 / 7

Ýurdumyzda ilatymyzy bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga mundan beýläk-de giňden çekmek, jemgyýetde sagdyn we işjeň durmuş ýörelgelerini berkarar etmek boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar.

Türkmen türgenleri halkara ýaryşlara işjeň gatnaşyp, ajaýyp netijeleri we ýeňişleri gazanýarlar. Mysal üçin, Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde geçirilen XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda ildeşimiz Polina Gurýewa agyr atletika boýunça ýaryşda 59 kilograma çenli agramlyk derejede çykyş edip, ýurdumyzyň sportunyň taryhynda ilkinji gezek Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medalyna mynasyp boldy.

Mundan başga-da, Türkmenistanda ýerli howa şertlerini nazara almak bilen, ozal ýurdumyz üçin mahsus bolmadyk sportuň gyşky görnüşleri hem ösdürilýär. Hususan-da, olar hokkeý we buzda typmak bilen baglanyşyklydyr. Öňki döwürde sportuň şu görnüşleri boýunça ýaryşlara diňe teleýaýlymlar arkaly tomaşa edip bolýardy. Häzirki döwürde ýurdumyzyň ýaşlary dünýäde meşhur bolan sportuň bu görnüşlerini üstünlikli özleşdirýärler. Milli derejedäki ýaryşlar bilen bir hatarda, türkmen hokkeýçileri we buzda typmak bilen meşgullanýan türgenler sebit we halkara ýaryşlara yzygiderli gatnaşýarlar. Munuň özi olara peýdaly tejribäni özleşdirmäge, özleriniň sport mümkinçiliklerinden peýdalanmaga ýardam edýär.

Şeýle hem buz üstündäki sportuň beýleki görnüşleri bilen meşgullanmak üçin ajaýyp mümkinçilikler bar. Şolaryň hatarynda Olimpiýa maksatnamasyna girýän konkili typmak sportuny, şort-tregi we kýorlingi görkezmek bolar.

Bularyň ählisi sport döwleti hökmünde Türkmenistanyň dünýä giňişligindäki abraýyny has-da belende galdyrýar hem-de türgenlerimizi sport ussatlygyny kämilleşdirmäge we täze ajaýyp ýeňişleri gazanmaga höweslendirýär, ýurdumyzda sportuň dürli görnüşlerini mundan beýläk-de giňden wagyz etmäge ýardam edýär.

Ilýas ÝULDAŞOW,
TDP-niň Köýtendag etrap komitetiniň başlygy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu