
Ýaşlar her bir döwletiň altyn gaznasy hasaplanýar. Ýurduň halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň sazlaşykly ösüş depgini, halkyň nurana geljegi köp babatda ylym-bilimli, giň dünýägaraýyşly, ahlakly we ýokary medeniýetli ýaş nesillere baglydyr. Şonuň üçin hem ilatyň bu gatlagynyň kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi ugrunda ýurdumyzda döwlet derejesinde uly aladalar edilýär.
Ýaşlary milli ýörelgeler esasynda terbiýelemek döwrüň möhüm talabydyr. Şu nukdaýnazardan, Arkadagly Serdarymyzyň tagallasy bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlar syýasatyny işjeň durmuşa geçirmek babatda ägirt uly işler amala aşyrylýar.
Ýaş nesilleri ata Watana wepaly, halka gerekli, arassa ahlakly, berk bedenli, zähmetsöýer, sowatly, däp-dessurlara, milli gymmatlyklara hormat goýýan, giň dünýägaraýyşly adamlar edip ýetişdirmek şu günüň wajyp meseleleriniň biridir.
Biz — bilim işgärleri ýaşlar baradaky döwlet derejesinde edilýän şeýle aladalary goldap, ýaş nesilleriň türkmen halkynyň taryhy, milli däp-dessurlary, edim-gylymlary, tebigy gymmatlyklary barada baý düşünjelere eýe bolmagy, şeýle-de milli mirasymyzy saklamak, ony ylmy esasda düýpli öwrenmek hem-de wagyz etmek babatda alnyp barylýan işlere has-da jogapkärçilikli çemeleşeris.
Ýaşlaryň bagtyýar geljegi üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun! Il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri hemişe rowaç alsyn!
Ýulduz RÖWŞANOWA,
«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.



