Žurnalistiň sahypasy

Saglygyň şanyna bagtyýarlyk dabaralary

08-04-2023 / 7

«Saglyk bar ýerinde beglik hem bar» diýilişi ýaly, saglyk güýç-kuwwatyň, abadan durmuşyň çeşmesidir. Saglyk jemgyýetiň bahasyna ýetip bolmajak gymmatly baýlygydyr. Şol sebäpli bu ugur Türkmenistanyň durmuş maksatly döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Saglygyň şanyna bolsa  bütin dünýäde bolşy ýaly her ýyl indi däbe öwrülen şanly sene ― Bütindünýä saglyk güni bellenip geçilýär.

7-nji aprelde tutuş Ýer ýüzi bilen bir hatarda türkmen Diýary hem Bütindünýä saglyk gününiň dabaralaryna beslendi. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda şol gün bagtyýar halkymyz sagdyn durmuş ýörelgesine agzybirlik bilen eýerýändiklerini ýene bir ýola görkezdiler.

Ýurdumyz dünýäniň iň iri saglyk guramasynyň döredilen gününe her ýyl uly şan berýär. Çünki, Bütindünýä saglyk güni, megerem, adamzadyň iň arzyly baýramlarynyň biri. Eger saglyk iň uly baýlyk bolýan bolsa, saglygyň baýramy hem şanly seneleriň naýbaşylarynyň biridir.

Bütindünýä saglyk güni ýurdumyzyň ähli sebitleri bilen bir hatarda biziň welaýatymyzda hem uly dabaralara, sagdyn durmuş ýörelgesine berk eýerilýändiginiň güwäsine  öwrülen köpçülikleýin çärelere beslendi. Hemişe bolşy ýaly, köpçülikleýin welosipedli ýöriş welaýatymyzdaky dabaralaryň merkezinde boldy. Bu şanly senäniň birnäçe gün öňünden welaýatymyzyň iri zähmet we bilim ojaklarynda geçirilen maslahatlardyr sport ýaryşlary hut şu baýramçylyga bagyşlandy.  «Farap» şypahanasynda we önümçilik desgalarynyň öňünde beden maşklary geçirildi. Baharyň mylaýym howasynda ýerine ýetirilen maşklar oňa gatnaşanlarda irki ruhubelentligi oýardy.

Bütindünýä saglyk güni mynasybetli welaýatymyzda geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişe Amyderýanyň üstünden geçýän Türkmenabat ― Farap awtomobil we demir ýol köprüsiniň golaýyndan badalga berildi. Oňa bagtyýar watandaşlarymyzyň ýüzlerçesi gatnaşdylar.

Indi ýedi-sekiz ýyl bäri welosipedli ýöriş Bütindünýä saglyk gününiň Türkmenistandaky dabaralarynyň merkezi köpçülikleýin çäresine öwrüldi. Umuman, ýörişiň ynsan saglygy üçin örän peýdaly şeýle görnüşiniň ýurdumyzdaky ýaýrawyny has giňeldýändigini guwandyryjy hakykatdyr. 2018-nji ýylda bolsa Birleşen Milletler Guramasy hut Türkmenistanyň teklibi bilen her ýylyň 3-nji iýunyny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etdi. Geçen ýyllaryň içinde ýurdumyzda welosiped bilen bagly köpçülikleýin çäreleriň birnäçe rekordy goýuldy. “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynyň 15-nji martynda bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy özüniň 76-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnama Milletler Bileleşiginiň ähli agza ýurtlary tarapyndan biragyzdan kabul edildi.

Ata Watanymyzda her bir raýat özi hakynda döwletiň alada edýändigini duýup, bagtyýar, asuda durmuşyň hözirini görüp ýaşaýar. Halkymyzyň saglygy we ruhubelentligi üçin bimöçber tagallalary edýän hormatly Prezidentimize tükeniksiz alkyş aýdýarys.

Oguljan MURADOWA,
Çärjew etrabyndaky 43-nji orta mekdebiniň rus dili mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu