Žurnalistiň sahypasy

Arkadag şäheri — ýaşlaryň şäheri

07-04-2023 / 19

Ýaşlara berilýän üns, ýaşlar barada edilýän alada Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda has giň gerimli häsiýete eýe bolýar. Şonuň bilen bir hatarda hem döwletimiziň häzirki we geljekki belent maksatlaryny hemişe ýaşlar bilen berk baglanyşdyrýandygyny nygtamak gerek. Biz muny köp mysallaryň üsti bilen subut edip bileris.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen Aşgabadyň golaýynda, ajaýyp dag eteginde Arkadag şäheriniň gurulýandygyndan hemmeler habarlydyr. «Akylly şäher» konsepsiýasy boýunça gurulýan bu häzirki zaman şäheri ýaşaýyş üçin döredilýän iň ýokary amatlyklary, öňdebaryjy durmuş şertleri bilen diňe bizi däl, daşary ýurtlulary hem haýran galdyrýar.

Milli Liderimiz Arkadag şäherine degişli wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça 25-nji martda geçirilen bilelikdäki mejlisde şeýle diýdi: «Arkadag şäheriniň ýaşlaryň şäheri hökmünde ykrar edilmegi guwançly ýagdaýdyr».

Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde emele gelýän Arkadag şäheri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň, döredijiligiň, ösüşiň ýoly bilen barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň ynamly ädimlerini alamatlandyrýar. Bu ýerde ilatyň ähli amatlyklaryň hözirini görüp ýaşamagy üçin zerur şertleriň döredilmegi esasy ýörelge bolup durýar. Bu innowasion taslamany amala aşyrmakda Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn şähergurluşyk maksatnamasynyň esasy ölçegleri öz beýanyny tapýar. Şol maksatnamada dünýäniň hem-de ýurdumyzyň öňdebaryjy tejribesini işjeň ulanmaga, täsin we özboluşly binagärlik hem-de inžener-tehniki çözgütlere, milli binagärligiň iň gowy däplerine aýratyn üns berilýär. Şonuň bilen birlikde, adamlaryň abadançylygynyň we sagdynlygynyň möhüm şerti hökmünde ekologik ugur wajyp talap bolup durýar.

Jahan ÝAGMYROWA,
«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu