
Sagdyn bedenli, ruhubelent nesli kemala getirmek jemgyýetde wajyp meseleleriň biridir. Beden maşklary ynsan saglygynyň gözbaşy hasaplanýar.
Maşklar sazlaşykly ýerine ýetirilende adamyň sagdyn bolmagyny üpjün edýär, işjeňligi artdyrýar. Irki döwürlerde adamlar dürli-dürli hereketleriň üsti bilen kämilleşip, maşk etmek endigine uýgunlaşypdyrlar. Aradan wagtyň geçmegi bilen beden maşklary bilen meşgullanyp ugrapdyrlar. Maşklaryň peýdasy barada Orta Aziýaly tebip Abu Aly ibn Sina «Beden taplaýjy maşklar erkin hereketler bolup, yzygiderli çuňňur dem alşy emele getirýär» diýip, belläp geçipdir. Wagtyň geçmegi bilen döwürlere görä kämilleşip, dürli görnüşli maşklar ýüze çykypdyr.
Adamlar ylgamak, bökmek, towusmak ýaly çalasyn hereketleriň bedeniňi berkidýändigine, ömür dowamlylygyna daýanç bolýandygyna, dem alyş ýollarynyň sazlaşygyny ýeňilleşdirmek üçin peýdalydygyna göz ýetiripdirler. Şonluk bilenem bedenterbiýe maşklary kämilleşipdir.
Aslymyza ser salanymyzda pederlerimiz özleriniň çagalaryny sagdyn ruhly terbiýelemek üçin zähmet endiklerine uýgunlaşdyrypdyrlar. Geçmişimizde ýörgünli bolan milli oýunlar — ýaglyga towusmak, tanap çekmek, göreş tutmak, at münmek, hiňňilik uçmak, monjugatdy we başga oýunlar däp-dessurymyza ornaşypdyr. Medeni gymmatlyklarymyz bolan bu oýunlar aň-hereket taýdan kämilleşipdir. Şonuň üçinem aradan niçeme wagt geçenem bolsa ähmiýetini ýitirmän biziň günlerimize gelip ýetipdir.
Beden maşklarynyň, hereket işjeňliginiň sagdyn durmuş ýörelgesiniň esasyny düzýändigi tekrarlanýar. Çeýelik, çydamlylyk bedeniň güýçli bolmagy üçin zerurlykdyr. Çagalaryň hepdäniň dowamynda beden hereketlerini ýerine ýetirmekleri ýaşlykdan süňk ulgamynyň berkemegine ýardam edýär. Dogry ýerine ýetirilen maşklar diňe bir bedene syrdamlyk bermän, eýsem işden, okuw sapaklaryndan soňky ýadawlygy aýryp, saglygy berkidýär, bedendäki agyryny aýyryp, dem alyş ulgamynyň işini kadalaşdyrýar, el-aýak myşsalarynyň işjeňligini, gan aýlanşygy sazlaşdyrýar. Maşklar ýerine ýetirilende bedeniň ylaýta-da el hem aýak, döş hem-de arka çiginleriniň tiz berkemegine ýardam berýär, dogry dem almagy, beden ukybynyň başarjaňlygyna görä hereket etmegi öwredýär.
Selbi AHMEDOWA,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Darganata etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.