Žurnalistiň sahypasy

Ömrümiziň baş baýlygy

7-nji aprel — Bütindünýä saglyk güni

06-04-2023 / 10

Saglyk diňe her bir adam üçin däl, eýsem, tutuş jemgyýet üçin uly gymmatlykdyr, çünki ol beden taýdan sagdynlygyň we güýç-kuwwatyň, zähmet hem-de döredijilik işjeňliginiň, umuman, abadan durmuşyň gözbaşydyr. Milli senenamada berkidilen Bütindünýä saglyk güni mynasybetli guralýan çäreler sport hereketi bilen birlikde, daşky gurşawymyzyň gözelligine hem uly täsir edýär.

Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek, jemgyýetimizde bedenterbiýe hem-de sport bilen yzygiderli meşgullanmagy wagyz etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýylsaýyn bu herekete türkmenistanlylaryň barha köp sanlysy goşulýar. “Saglyk” Döwlet maksatnamasy, beýleki degişli maksatnamalar, şäherlerde we oba ýerlerinde lukmançylyk we sport düzümlerini döwrebaplaşdyrmak boýunça taslamalar yzygiderli durmuşa geçirilýär.

Paýtagtymyzda we sebitlerde iň täze enjamlar hem-de öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen döwrebap saglygy goraýyş edaralary we şypahana ulgamynyň binalary, sport desgalary, ýöriteleşdirilen sport mekdepleri, çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri guruldy, hereket edýän ugurdaş desgalar döwrebaplaşdyryldy.

Hereket etmek, gezelençleri amala aşyrmak hem-de boş wagtyňy peýdaly we işjeň geçirmek üçin ajaýyp serişde bolan welosiped ulagyň ekologiýa taýdan iň arassa görnüşi hasaplanylýar, ol sport ulagy hökmünde-de uly meşhurlyga eýedir. Häzirki döwürde ýurdumyzda köpçülikleýin welosipedli ýörişleri, awtoulagsyz günleri, ählihalk bag ekmek dabaralaryny geçirmek asylly däbe öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, jemgyýetiň täze ekologiýa medeniýetini kemala getirmäge gönükdirilen bu ajaýyp däpler halkymyzyň uly goldawyna hem-de halkara derejede giňden makullanylmagyna eýe boldy.

Türkmenistanda bu ugurda görülýän netijeli çäreleriň ekologiýa ulgamy bilen örän berk baglanyşyklydygyny bellemek zerurdyr. Häzirki döwürde dünýäde adamlaryň abadançylygynyň hem-de ählumumy durnukly ösüşiň möhüm şerti hökmünde ekologiýa meseleleriniň ähmiýetine oňat düşünilýär. Türkmenistan bu möhüm wezipeleri çözmäge anyk goşant goşup, uzak geljek üçin niýetlenen, ylmy taýdan esaslandyrylan tebigaty goraýyş strategiýasyny toplumlaýyn durmuşa geçirýär.

Saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda, ekologiýa tämizligi babatda edilýän işler baradaky gürrüňe jemlenme ýok. Sebäbi bu işleriň, gazanylýan üstünlikleriň, özgertmeleriň kerweni gün geçdigiçe uzap barýar.

Nurjemal ABDULLAÝEWA,
Ruhubelent etrap hassahanasynyň AIDS otagynyň feldşer laboranty, KA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu