
Gadymdan bäri türkmençilikde at-abraý gazanmaga möhüm ähmiýet berlipdir. Il içinde abraýly iş bitirip at gazanmak wajyp hasaplanypdyr. Şonuň üçin-de Magtymguly atamyzyň:
Adam ogly, bu dünýäden ötinçäň,
At bilen abraý alan ýagşydyr.
— diýip belleýşi ýaly, her kim özünden ýagşy at-abraý galdyrmaga çalşypdyr.
Adyň ile ýaýylyp, şöhratyň-şanynyň galmagy üçuin, halkyň, giň köpçüligiň oňat tanamagy üçin, ilki haýsydyr bir abraýly işi bitirip göze ilmek zerur hasaplanypdyr.
Hünärli adamlar hem il içinde uly at-abraýdan peýdalanypdyr. Bagşy-sazandalar, ýonaçylar, ussalar, zergärler, nakgaşlar, eli hünärli beýleki adamlar, ýazyjy-şahyrlar, dilewar adamlar sylagly, hormatly, uly abraýly bolupdyr. At-abraýyň näçe uly bolsa, adamyň durmuşdaky mümkinçilikleri-de köp bolupdyr. Käbir adamlaryň zähmet çekip bitirip bilmedik işini, abraýly adamlar oturan ýerinde at-abraýynyň, tanymallygynyň täsiri bilen bitiripdir.
Belent abraýly adamlar, diňe öz obasynda däl, eýsem uzak illerde-de tanalypdyr. Märekede, adamlaryň arasynda onuň aýdan sözi pitiwa alnypdyr. Olaryň sözüne gulak asylypdyr, maslahatyna eýerilipdir, aýdany edilipdir.
Abraýly adamlar il içinde belent adyna çirk getirmejek bolup hereket edipdir. Olar öz abraýyny şirin jany ýaly gorapdyr. Olar her gezek töwir galduranda “Hezreti abraý, abraýdan aýyrmawer jan Hudaý!” diýip, omyn edipdirler.
Abraýyň sahawat bilen artýandygyna göz ýetiren adamlar haýyr-sahawata, hödür-kereme uly üns beripdir. Hatam Taý, Anuşirwan Adyl ýaly adamlaryň diňe haýyr-sahawata baý bolany üçin dünýä ýüzünde, şol sanda türkmenleriň arasynda hem meşhurlyk gazanandygy baradaky rowaýatlar hemmä mälim bolupdyr.
,,Älem içre adam gezmez, at gezer” diýen düşünjä berk uýlanda, her bir adamyň at-abraýynyň, mertebesiniň, derejesiniň, şöhratynyň şol adyň eýesine mahsus bolan sypatlara, häsiýetlere laýyk gelmegine üns berlipdir. Şol kadany bozup, ýalan şöhrat, at-abraý edinmekçi bolan adamlar halanmandyr.
Rähmet BEŞIMOW,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Dänew etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.



