Žurnalistiň sahypasy

Ýaşlar — döwrüň ýalkymy

05-04-2023 / 8

Eziz Watanymyzyň bagtly geljegini gazanmagyň baş şerti türkmen ýaşlaryny ylymdan ýüki ýetik, ösen tehnologiýalardan baş çykaryp bilýän hünärmenler edip ýetişdirmekden ybaratdyr.

Ýurdumyzda geçirilýän il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli özgertmeler, ýetilýän uly sepgitler, üstünlikli alnyp barylýan içeri we daşary syýasat ýaşlary maddy we ruhy taýdan galkyndyrmagyň özenidir. Her bir ýurduň geljegi onuň ýaşlary bilen baglanyşdyrylýar. Hut şu nukdaýnazardan, döwlet Baştutanymyz ýaşlara ynamly bil baglaýar.

Arkadagly Serdarymyz ýaşlara uly ynam bildirip, ýurdumyzyň beýik özgertmeler ýoly bilen öňe gitmegini hut ýaş nesiller bilen baglanyşdyrýar. Türkmen tebigatynyň gözel ýerinde — taryhy künjekde «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda bina edilýän Arkadag şäheriniň gurluşygynda ýaşlaryň teklipleriniň, garaýyşlarynyň nazara alynmagy, şeýle-de bu şähere wezipä bellenilen ýolbaşçylaryň aglabasynyň ýaşlaryň bolmagy juda buýsandyrýan ýagdaýdyr. Bu zatlaryň gözbaşynda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň ýaşlara uly ynam bildirýändigi hakdaky hakykat bar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesliň mümkinçiliklerini giňeltmek we durmuşa geçirmek üçin hukuk, durmuş, ykdysady hem-de guramaçylyk şertleriniň üpjün edilmegine uly üns berilýär. Şonuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň ýaşlaryň watançylyk, ýokary ahlaklylyk, parasatly halk däp-dessurlaryna, ata-babalarymyzyň wesýetlerine wepalylyk ruhunda terbiýelenilmeginiň möhümdigini nygtamagynda uly many bar. Çünki merdana pederlerimiziň adamzat hakydasynda müdimilik orun alan ajaýyp öwüt-ündewleri ahlak kämilliginiň ýolunda ýaşlar üçin uly mekdepdir.

Babamyrat TÖLEGOW,
«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy, ilkinji demokratik partiýasynyň başlygy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu