
Eziz Watanymyzyň bagtly geljegini gazanmagyň baş şerti türkmen ýaşlaryny ylymdan ýüki ýetik, ösen tehnologiýalardan baş çykaryp bilýän hünärmenler edip ýetişdirmekden ybaratdyr. Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiz turuwbaşdan ýurdumyzyň bilim ulgamyna degişli edara-kärhanalaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, olaryň häzirki zamanyň iň kämil enjamlary bilen enjamlaşdyrylmagyny üpjün etmek babatda tutumly işleriň başyny başlady we ol işler Arkadagly Serdarymyz tarapyndan yzygiderli dowam etdirilýär.
Milli Liderimiziň parasatly başlangyçlary bilen ýurdumyzda ýaş nesle mynasyp terbiýe bermek babatda ähli şertler, olaryň sazlaşykly ösmegi, häzirki zaman bilimini ele almagy, öz ukyplaryny we zehinlerini görkezmegi üçin giň mümkinçilikler döredildi. Mälim bolşy ýaly, hormatly Arkadagymyz sagdyn durmuş ýörelgelerine has ygrarly we ony wagyz ediji bolmak bilen, bu babatda watandaşlarymyza, aýratyn-da, ýaşlara görelde görkezýär.
Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen 2022-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň, şeýle-de «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» kabul edilmegi, Türkmenistanyň Mejlisinde ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiň hem bolmagy ýurdumyzda ýaşlar barada edilýän aladanyň döwlet syýasatynda ileri tutulýan esasy ugurlaryň biridigini subut edýär.
Türkmen halky bolsa hemişe ynsanperwer ýörelgelere, dost-doganlyga, hoşniýetli gatnaşyklara hormat-sarpa goýup, muňa berk eýeripdir. Pederlerimiziň bu durmuş ýörelgeleri döwlet syýasatymyzyň berk binýadyna öwrülmek bilen, many-mazmun taýdan has-da baýlaşýar. Watansöýüjilik, mertlik, halallyk, päk ahlaklylyk, zähmete hormat halkymyzyň dünýä dolan abraý-mertebesiniň gözbaşlarydyr. Bu kämil durmuş ýörelgelerini nurana ykbalymyzyň bezegine öwürmek bolsa her birimiziň perzentlik borjumyzdyr.
Gülşat ÇARYÝEWA,
Lebap welaýatynyň Saýat etrabyndaky 21-nji orta mekdebiň biologiýa mugallymy.



