
Häzirki wagtda ene dilimize çuňňur düşünýän, dünýä dillerini suwara bilýän ýaşlar kemala geldi. Munuň özi, ilki bilen, olaryň giň dünýägaraýyşlydygyna hem-de dünýäniň iň täze gazananlaryndan habarlydygyna şaýatlyk edýär.
Dünýä dilleriniň içinde iň ýörgünlisi iňlis, rus, hytaý, koreý, ýapon dilleri hasaplanylýar. Bu diller dünýäde giň ýaýramak bilen bir hatarda, köp çap edilen ylmy kitaplaryň dilleri bolup durýar. Şeýle hem ylmy maglumatlary toplamakda, öwrenmekde bu dilleriň ähmiýeti uludyr. Şonuň üçin bu dilleri bilýän ýaşlar ylmyň iň täze gazananlaryndan habarly bolýarlar. Bu hem dil bilmegiň, dünýä dillerini öwrenmegiň bir ähmiýetli tarapydyr.
Daşary ýurt dilleri döwrebap ösüşe itergi berýän aragatnaşyk serişdesi bolup hyzmat edýär. Şu nukdaýnazardan, daşary ýurt dillerini öwrenmek häzirki zaman adamlarynyň durmuşynda esasy orny eýeleýär. Döwür öz kanunlarynda we durmuş ýörelgelerinde ýaşlara giň gözýetimli bolmaga ýardam edýär. Ýaşlara beýleki halklaryň medeniýetini, däp-dessurlaryny öwrenmek, olar bilen tanyşmak, özara pikir alyşmak zerur bolup durýar. Dil öwrenmek bilen bir hatarda dostlukly halklaryň medeniýetine, edebiýatyna düşünmäge giň mümkinçilikler döreýär. Bu bolsa dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmekde örän uly ähmiýete eýedir.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe orta we ýokary okuw mekdeplerinde dünýä dillerini öwretmäge uly üns berilýär. Bu barada aýdanymyzda iňlis diliniň hem ähmiýetini bellemek gerek. Häzirki wagtda bu dili öwretmekde dürli usullar işlenilip taýýarlanyldy, ylmy esasda usulyýet sapaklary öwrenildi. Şunda dürli kompýuter enjamlarynyň, ses ýazgylarynyň peýdasy hakynda bellemek bolar, çünki ses ýazgylarynyň kömegi bilen diňe bir söz baýlygy däl, eýsem, sözleýiş endikleri hem kemala gelýär. Bu hem dil öwretmegiň iň täze ugurlarynyň biri bolup durýar.
Ynha, görşümiz ýaly, bilim ojaklarynda dil öwretmek işi ýokary derejede ýola goýlandyr. Bu ugurda täze ugurlar hem öwrenilýär, iň kämil usullar durmuşa ornaşdyrylýar. Munuň özi häzirki döwürde ylym-bilimiň ýokary derejede ösdürilýändigini, giň dünýägaraýyşly ýaşlaryň terbiýelenýändigini subut edýär.
Yhlas ÖWEZMYRADOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.



