Žurnalistiň sahypasy

Bilimli nesiller Watanyň geljegidir

01-04-2023 / 9

Bu gün ýurdumyzyň bilim ulgamy hem ösüşiň belent derejesine çykýar. Çagalar baglaryndan başlap, ähli bilim ojaklarynyň okatmagyň innowasion tehnologiýalary — multimedia, interaktiw enjamlary, kämil kompýuterlerdir döwrebap görkezme esbaplary bilen üpjün edilmegi ýaşlaryň bilim derejesine özüniň oňyn täsirini ýetirýär.

Hormatly Prezidentimiziň 17-nji martda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň barşynda 2023 — 2024-nji okuw ýylynda umumy orta bilim berýän mekdeplerine 1-nji synpa okuwa kabul edilýän okuwçylara noutbuk kompýuterlerini sowgat bermek bilen bagly degişli resminama gol çekmegi ýurdumyzda ýaş nesilleriň döwrebap bilim-terbiýe almagy, innowasion tehnologiýalardan oňat baş çykarýan, giň gözýetimli hünärmenler bolup ýetişmeginiň ýolunda möhüm ädimleriň biri boldy. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ak mekdeplere gadam basjak alty ýaşly çagalara sowgat ediljek kompýuterleriň kämil programma üpjünçiligi, ýadynyň göwrümi we işjeňligi bilen tapawutlanjakdygy guwanç bilen bellenilmeli ýagdaýdyr.

Hä­zir­ki wagt­da san­ly bi­lim ul­ga­my ar­ka­ly ýaş­la­ra bi­lim ber­me­giň äh­li bas­gan­çak­la­ryn­da okat­ma­gyň mak­sat­na­ma­la­ry peý­da­la­ny­lyp, elekt­ron ki­tap­lar, şeý­le-de uzak ara­lyk­dan bi­lim ber­mek ýa­ly usul­lar ula­nyl­ýar. San­ly­laş­dyr­mak döw­re­bap usul bo­lup, hil taý­dan bi­li­miň kä­mil­li­gi­ni, ne­ti­je­li­li­gi­ni art­dyr­ýar. In­ter­ne­tiň giň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni, komp­ýu­ter teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny bi­lim ber­mä­ge gö­nük­dir­mek­de ne­ti­je­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Ta­lyp ýaş­lar üçin elekt­ron ki­tap­ha­na­lar­dan peý­da­lan­ma­ga giň müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär. Şeý­le­lik­de, ýaş­lar yl­my ki­tap­lar bi­len ta­nyş­ýar­lar, yl­my hem-de çe­per dö­re­di­ji­lik bi­len meş­gul­lan­ýar­lar. Bu gün dö­re­di­ji­lik hy­ju­wyn­dan do­ly ze­hin­li ýaş­la­ryň yl­ma gel­me­gi­ni üp­jün et­mek, ba­şar­nyk­ly, giň göz­ýe­tim­li, hä­zir­ki döw­rüň yl­my usul­la­ry­ny ele alan we zäh­me­ti bi­len ýur­du­my­zyň şöh­ra­ty­na şöh­rat goş­jak hü­när­men­le­riň tä­ze nes­li­ni ter­bi­ýe­läp ýe­tiş­dir­mek bi­ziň esa­sy bor­ju­myz­dyr.

Ýaş­la­ra döw­re­bap müm­kin­çi­lik­le­riň dö­re­dil­me­gi bi­len olar san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ra, işiň dür­li gör­nüş­le­ri­ne oňat dü­şün­ýär­ler. Şo­nuň üçin hem ýaş­lar döw­le­ti­mi­ziň dur­nuk­ly ösü­şi­ni üp­jün et­mä­ge, yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­ny has-da ber­kit­mä­ge, şeý­le hem döw­let mak­sat­na­ma­la­ry­ny dur­mu­şa ge­çir­mä­ge iş­jeň gat­naş­ýar­lar. Olar ylym-bi­lim, me­de­ni­ýet hem-de teh­no­lo­gi­ýa ba­bat­da ýur­du­my­zyň ösüş dep­gi­ni­ne my­na­syp go­şan­dy­ny goş­ýar­lar. Bi­lim­li hü­när­men­le­riň taý­ýar­la­nyl­ma­gy mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi döw­rüň ta­la­by­na la­ýyk de­re­je­de ös­dür­mä­ge ýar­dam ber­ýär. Ýaş hü­när­men­le­riň tä­ze­çil pi­kir­len­mek, iş­le­re dö­re­di­ji­lik­li çe­me­leş­mek ýa­ly hä­si­ýet­le­ri ga­za­nyl­ýan ösüş­le­re giň ýol aç­ýar.

Pirmät PIRMÄDOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu