
Adamy ruhy taýdan taplaýan gymmatlyklaryň biri medeniýetdir. Medeniýet — gözellige, kämillige mahsus ähli ajaýyplyklary özünde jemleýän bitewilikdir. Şeýle gymmatlygyň manysyna hormat goýulýan ýerde döwletem, rysgal-berekedem owadan öwüşgine eýe bolýar.
Adamzat jemgyýetini medeniýetden üzňe göz öňüne getirmek asla mümkin däl. Sebäbi ynsan hemişe gözellige teşne. Medeniýet bolsa şol gözelligi adamlaryň ýüregine ornaşdyrar. Adamyň köňlüne medeniýetlilik ornanda, ol barha kämilleşmek bilen bolýar. Ýüreklere şatlyk paýlap bilmegiň özi, ata-baba haýyrly amallardan hasap edilýär.
Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginde ýerleşen Diýarymyz diňe bir taryhyň ulag-logistika merkezi bolmak bilen çäklenmän, medeniýetleriň, döwrebap ylymlaryň hem dünýä ýaýraýan merkezi bolupdyr. Senetçilik, önümçilik, ekerançylyk, sungat, medeniýet, ylym, mahlasy, ýaşaýyş-durmuş bilen bagly her bir ugur ösüp, ýedi yklyma ýaýylypdyr. Şol taryhy hakykatlary biz bu gün gadymdan galan edebi eserlerimizde we taryhy ýadygärliklerimizde, gazuw-agtaryş işleri netijesinde üsti açylan tapyndylarymyzda görýäris.
Häzirki wagtda milli medeniýetimiz has kämil derejelere çykdy. Milli medeniýetimiziň ajaýyplygy dünýä medeniýetiniň her bir aýratynlygy bilen utgaşykly ösdürilýär. Edebi döredijilikler, sahna oýunlary: drama, opera, sirk, aýdym-saz, inçe tilsimli zergärçilik muňa mysaldyr.
Täze taryhy döwrüň milli medeniýeti köňülleri çoýan kuýaşydyr. Bu biziň geljegimiziň has-da nurana boljakdygyny aňladýar. Çünki muňa taryhdanam, şu günümizden hem ýeterlik delil tapyp bolýar.
Munira TELEWMURADOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rus dili we edebiýaty fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.



