Žurnalistiň sahypasy

Energetika diplomatiýasynda möhüm başlangyçlar

29-03-2023 / 6

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda türkmen döwletiniň daşary syýasatynyň we diplomatiýasynyň täze hil derejesi Türkmenistanyň yzygiderli ösüşini, şol sanda onuň halkara arenasyndaky artýan işjeňligini adalatly baglanyşdyrýar. Türkmen döwletiniň daşary syýasy strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi köp babatda çalt depginler bilen özgerýän, dünýäniň çagyryşlaryna mynasyp jogap bolup durýan anyk ädimler arkaly utgaşdyrylýandygy bilen şertlendirilýär. Türkmenistan, dünýäniň energetiki kuwwatyna eýe bolan öňdebaryjy döwletleriň biri hökmünde dünýä bileleşiginiň ünsüni energiýa howpsuzlygynyň ulgam dörediji elementlerine gönükdirmek arkaly halkara hyzmatdaşlygyny alyp barýar.

Türkmenistan uglewodorod çig malynyň dünýäde ägirt uly gorlaryna eýe bolmak bilen senagaty ýokary tehnologiýalar bilen üpjün etmek, ägirt uly maýa goýumlaryny çekmek ýoly arkaly ýurduň ykdysadyýetini depginli ösdürmek meselesini esasy orunda goýýar. Bu ýerde ýurduň ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmak boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlyk ileri tutulýar. Şu jähtden, halkara energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde energiýa serişdelerini ugradyjy iri döwlet hökmünde Türkmenistanyň çykyş etmegi energetika diplomatiýasynyň möhüm şahasyna öwrüldi. Energetika pudagynda däp bolan strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny saklamak bilen bir hatarda Türkmenistan Ýewropa, Aziýa, Uzak Gündogar, Günorta-Gündogar ugurlary boýunça göni energetiki hyzmatdaşlygyny ep-esli giňeltdi. Dünýäniň öňdebaryjy nebit-gaz kompaniýalary, abraýly maliýe düzümleri bilen ykjam hyzmatdaşlygy ýola goýdy.

Birleşen Milletler Guramasyna ähli agza döwletler Türkmenistanyň ählumumy energiýa howpsuzlygy meselesi bilen bagly başlangyçlaryny biragyzdan goldaýarlar we olaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginde Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy alyp barmaga gyzyklanma bildirýärler. Munuň aýdyň mysaly hökmünde 2013-nji ýylyň 17-nji maýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy boýunça işlenip düzülen «Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň hyzmaty» atly Rezolýusiýany kabul etdi. Hususan-da, bu rezolýusiýada Türkmenistanyň hökümetiniň 2014-nji ýylyň başynda bu mesele boýunça bilermenleriň halkara maslahatyny geçirmek baradaky teklibini BMG-niň kanagatlanmak bilen belläp geçýändigi barada aýdylýar. Mundan başga hem bu rezolýusiýada BMG-niň Baş sekretarynyň energiýa serişdelerini ygtybarly we durnukly geçirmek bilen bagly gatnaşyjy döwletleriň we BMG-niň degişli düzümleriniň garaýyşlaryny soramak we bu garaýyşlary Baş Assambleýa hasabat hökmünde ýollamak baradaky teklibinde öz beýanyny tapýar.

Özüniň ägirt uly serişde mümkinçiligini tutuş adamzadyň bähbidine peýdalanmaga ymtylýan Türkmenistan bu ugurda anyk ädimleri ätmek bilen, ýangyç-energetika toplumyny düýpli döwrebaplaşdyrmak ýörelgelerine hem-de energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ýetirmegiň ýollaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga esaslanýan bu ugurdaky syýasaty durmuşa geçirýär. Soňky ýyllaryň dowamynda ýurdumyzda ýangyç-energetika serişdeleriniň önümçiliginiň we gazylyp alnyşynyň depgini düýpli ýokarlandyryldy, energiýa serişdeleriniň ugradylyş ýollary hem diwersifikasiýalaşdyrylýar. Türkmenistan energetika ulgamynda sebit we sebitara ähmiýetli iri taslamalary yzygiderli durmuşa geçirýär. Pudaga ornaşdyrylýan innowasiýalar, şeýle-de häzirki zaman şertlerinde elektrik beketler üçin ýangyjyň iň netijeli we ekologiýa taýdan howpsuz görnüşi bolan ýurtdaky tebigy gazyň ägirt uly gorlary ykdysadyýetiň strategiki pudagynyň öňünde duran wezipeleri netijeli çözmäge ýardam berýär. Türkmenistanyň energetika senagaty ösüşiň durnukly ýokary depginlerini saklap, dünýä bazarlarynda islegden peýdalanylýan elektroenergiýanyň eksportyny ýokarlandyrmak mümkinçiligine eýedir. Diwersifikasiýa strategiýasyny yzygiderli amala aşyrmak bilen, soňky ýyllaryň içinde ýurdumyz hyzmatdaşlary bilen bilelikde gündogar we günorta ugurlary boýunça birnäçe iri turbageçiriji taslamalary amala aşyrdy. Olaryň häzirki zaman global energetika howpsuzlygynyň, şol sanda türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ýetirmegiň köpşahaly ulgamynyň hasabyna döretmäge gönükdirilendigi hem strategiki ähmiýete eýedir.

Döwlet GURBANGYLYJOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu