
Merkezi Aziýa döwletleriniň hatarynda Türkmenistanyň esasy hyzmatdaşlarynyň biri bolan Täjigistan Respublikasy hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän döredijilikli başlangyçlaryny yzygiderli goldaýar we doganlyk türkmen halkynyň gazanýan üstünliklerine guwanýar. Garaşsyzlygyň ilkinji günlerinden bäri Türkmenistan we Täjigistan dostluk, ynanyşmak, özara goldaw bermek ýörelgelerine esaslanýan syýasaty sazlaşykly durmuşa geçirip, gadymdan gelýän ýakynlygy saklamak bilen çäklenmän, eýsem, ony hemmetaraplaýyn ösdürýärler.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan we Täjigistan 1993-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda iki döwletiň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagy hakynda Teswirnama gol çekmek arkaly diplomatik gatnaşyklary ýola goýdular we deňhukuklylyk, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgeleriniň esasynda gatnaşyklaryny sazlaşykly alyp barýarlar. Turuwbaşdan, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň binýady iki döwletiň gyzyklanmalarynyň nazarda tutulmagy arkaly özara bähbitli hyzmatdaşlyga esaslandy hem-de bu günki günde syýasy, söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, medeni we beýleki ugurlarda üstünlikli ösdürilýär.
Ýurtlaryň sebitiň beýleki döwletleri bilen ysnyşykly hereket etmek arkaly syýasy taýdan özara goldaw bermäge esaslanýan gatnaşyklaryny iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň oňyn depgininiň ähmiýetli görkezijileriniň biri hökmünde görkezmek bolar. Daşary syýasatda Türkmenistanyň we Täjigistanyň garaýyşlary derwaýys sebit we halkara meseleleri babatda gabat gelýär. Ýurtlar GDA-nyň tertipnamalaýyn we pudaklaýyn edaralarynyň çäklerinde, halkara guramalaryň ençemesinde Merkezi Aziýada howpsuzlygyň üpjün edilmegi boýunça üstünlikli hyzmatdaşlyk saklaýarlar.
Ikitaraplaýyn tagallalaryň netijesinde, soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasynda ýola goýulýan gatnaşyklar uzak möhletleýin we strategik häsiýete eýe bolýar. Döwlet, hökümetara we pudagara derejelerinde gol çekilen köpsanly resminamalary özünde jemleýän kadalaşdyryjy-hukuk binýady, şeýle hem hökümet we pudak derejelerinde yzygiderli esasda geçirilýän syýasy geňeşmeler hem-de gatnaşyklar munuň aýdyň subutnamasydyr.
Hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýady hem giňeldilýär. Iki ýurduň arasynda kabul edilen ylalaşyklar syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer, maýa goýum, salgyt we gümrük ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasyny kemala getirýär. Türkmenistanyň we Täjigistanyň ikitaraplaýyn özara hereketleriniň çäklerinde söwda-ykdysady ulgamdaky gatnaşyklar derwaýys ähmiýete eýedir, çünki ol ýurtlaryň hemmetaraplaýyn ösüşine itergi bermek bilen, iki doganlyk halkyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagyna mümkinçilik döredýär. Däp bolşy ýaly, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň önümleri, oba hojalyk harytlary, gurluşyk materiallary we himiýa senagatynyň önümleri Täjigistan Respublikasyna iberilýän harytlaryň esasy bölegini emele getirýär. Nebit we gaz, energetika, ulag kommunikasiýalary, dokma senagaty, agrosenagat toplumy we beýlekiler iki ýurduň ykdysady ulgamda alyp barýan özara hereketleriniň ileri tutulýan ugurlary hasaplanýar.
Muhammetnazar AMANDURDYÝEW,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.



