Žurnalistiň sahypasy

Tokaýlar — tebigatyň aýrylmaz bölegi

28-03-2023 / 15

Tokaý ekologiýa ulgamy, biogeosenoz bolup, agaçlar esasy ýaşaýyş görnüşidir. Tokaý tebigatyň aýrylmaz bölegidir, «tokaý» düşünjesini dürli derejelerde göz öňünde tutup bolar. Global derejede bu biosferanyň bir bölegi. Tokaýlarda ýer haýwanlarynyň we ösümlikleriniň 80 göteriminden gowragy ýaşaýar we dünýädäki umumy meýdanyň 31 göterimini tutýar.

Tokaý diňe bir agaçlaryň we gyrymsy agaçlaryň ýygyndysy däl. Tokaý – bu ekosistemadyr. Ýagny, biri-biri bilen ýakyn baglanyşykly elementleriň çylşyrymly jemgyýetidir. Bu janly biotik we abiotik komponentleri – howa, toprak we suwy öz içine alýar. Tokaý biotasy ösümlikleri, haýwanlary we mikroorganizmleri öz içine alýar, tokaý ösümlikleri diňe bir agaç ösümlikleri däl, eýsem, otlar, mohlar, kömelekler, suwotular we lişaýniklerdir. Energiýa we maddalar akymlary ekosistemada aýlanýar we bir sikl emele getirýär. Janly we jansyz tebigatyň ähli elementlerini birleşdirýär. Mysal üçin fotosintez bilen baglanyşykly prosesler – gün şöhlesiniň energiýasyny ulanyp suwdan we kömürturşy gazyndan ýokumly maddalary döretmek prosesi. Diňe ýaşyl ösümlikleriň fotosintez etmek ukyby bardyr. Bakteriýalaryň we beýleki organizmleriň orny örän möhümdir. .

Tokaýlaryň gelip çykyşyna, ýagdaýyna, ýerleşişine, agaçlaryň ýaşyna, tokaý emele getirýän görnüşleriň düzümine we tokaýyň eýeçiligine baglylykda birnäçe klassifikasiýa bar. Tokaýlar seýrek ýa-da ýapyk bolup biler

Agaçlar ýylda 150 kilograma çenli kömürturşy gazyny bölüp çykarýar. Dünýädäki tokaýlar takmynan 296 gigaton uglerody ýokarda we aşaky biomassada saklaýar. Göz öňüne getirip görüň: Ýewropanyň 400 milliard agajy häzirki wagtda Ýer togalagynyň parnik gazlarynyň 9 göterimini siňdirýär!

Agaçlar durnukly şäherleri döretmek üçin hem möhümdir. Şäher ýerlerinde howany 8 derejä çenli sowadyp, kondisioner zerurlyklaryny 30 göterim azaldar. Şäher agaçlary zyýanly hapalaýjylary we inçe bölejikleri aýyrýan ajaýyp howa süzgüçdir.

Agaç ýangyjy, häzirki wagtda gaýtadan dikeldilýän energiýa üpjünçiliginiň 40 göterimini üpjün edýär – gün, gidroelektrik we ýel energiýasy ýaly. Tehnologiki innowasiýalara we durnukly dolandyrylýan tokaýlara has uly maýa goýumlary, tokaýlaryň gaýtadan dikeldilýän energiýa roluny ýokarlandyrmagyň açarydyr.

Tokaý önümleri hapalaýjy we uglerod köp talap edýän materiallary azaltmaga we çalyşmaga goşant goşýar.

Gurluşyk üçin agaç ulanmak, beton bilen deňeşdirilende uglerod zyňyndylarynyň 40 göterimini, polat bilen deňeşdirilende takmynan 30 göterim tygşytlaýar. Umuman alanyňda, gurluşykçylar polat we betonyň ýerine agaç ulansalar, global uglerod dioksidiniň zyňyndylary 31 göterime çenli azaldyp bilerler.

Ulanylýan dermanlarymyzyň 25 göteriminden gowragy tokaý ösümliklerinden gelip çykýar. Ýöne tokaý häsiýetli ösümlikleriň diňe 1 göterimi dermanlyk aýratynlyklary üçin öwrenilipdir.

«Hyperion» dünýädäki iň beýik agaçdyr. Onuň beýikligi 115,61 metre barabardyr.

Taýýarlan: Döwletmyrat HAJYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy fakultetiniň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu