Žurnalistiň sahypasy

Magtymguly — türkmeniň ruhy beýikligi

25-03-2023 / 13

Gündogar şygryýetiniň göwher täjine deňelýän Magtymguly Pyragynyň köptaraply döredijiligi şygyrlaryndaky dürdäne garaýyşlarynda ýüze çykýar. Ol öz şygyrlarynda ynsanyň ähli ýokary ahlak sypatlaryny ussatlyk bilen suratlandyrýar. Akyldar şahyrymyzyň bize miras goýan şygyrlary tükenmez pähim-parasadyň, öwüt-nesihatyň çeşmesidir.

Şahyryň döredijiligi her bir ynsana, şol sanda ýaşlara terbiýe mekdebidir. Onuň eserlerinden Watany söýmek, gözümiziň göreji deý goramak, il-halka, ýurda mydama peýda getirjek işleriň başyny tutmak, her bir ynsana hormat goýmak, gerek ýerinde olara goldaw bermek, haýyr-sahawat bilen meşgullanmak ýaly ýokary ahlak sypatlary eriş-argaç bolup geçýär.

Magtymgulynyň esaslandyran edebi mekdebi öz döwründe-de, ondan soň hem edebiýatyň ösmegine we kämilleşmegine uly ýar­dam edipdir hem-de Seýdi, Zelili, Kemine, Mollanepes ýaly görnükli söz ussatlarynyň hem-de beýleki ençeme şahyrlaryň halypasy bolupdyr. Halk rowaýatlarynyň birinde aýdylyşyna görä, geçen asyrda şahyrlaryň birnäçesi gürrüňçilige ýygnanýarlar. Gürrüňçilik gyzyşyp, edebiýat barada söz açylanda, kimdir biri “Indi näme hakda ýazmaly?” diýen soragy orta atýar. Şonda Kemine “Magtymguly söz meýdanynyň oragyny orup gitdi. Indi bize diňe onuň hoşasyny çöple­mek galdy” diýip jogap berýär. Zelili bolsa, “Hoşa bugdaý arassa bo­lar” diýip, onuň sözüniň üstüni ýetirýär.

Şahyr nusgawy edebiýatyň we jemgyýetçilik aňynyň ösüşine örän uly goşant goşdy. Magtymguly sözüň doly manysyndaky nus­gawy edebiýaty esaslandyrdy. Bu barada Ý. E. Bertels şeýle ýazýar:

“Eger belli bir halkyň belli bir döwürdäki mahsus sypatlaryny has mahsus suratda görkezýänligi manysynda edebiýata “nusgawy” edebiýat diýlip at berilmegi türkmen edebiýaty barada ulanylmakçy bolsa, onda, elbetde, şol at XVIII–XIX asyrlaryň türkmen edebiýaty­na berilmelidir, ol edebiýatyň has aýdyň we mahsus wekili bolsa türk­men halky tarapyndan henize çenli-de örän hormatlanýan şahyr Mag­tymguly bolupdyr”.

Watana bolan çäksiz söýgi, uly guwanç Magtymgulynyň şygyrlarynda belent owaz bilen ýaňlanýar. Şeýle gyzgyn mähir bilen hem ol il-ýurdunyň abadançylygyny, bagtly, gözel durmuşda ýaşamagyny, ähli işleriniň rowaçlanmagyny, “ýaýlalarynyň reňbe-reň gül açyp, ýurt binasynyň gaýym gurulmagyny, gargyşa, nazara giriftar bolmazlygy­ny” arzuw edipdir. Munuň üçin bolsa ol, ilkinji nobatda, parahatlygyň zerurdygyna düşünipdir:

Türkmen ilim, eý, adamzat!
Azat sil, güzer gözlärin.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň, türkmen halkynyň üstünlikden-üstünlige barýan eýýamynda Pyragynyň şygyrlary bütinleý täzeçe ýaňlanýar. Beýik şahyryň ajaýyp edebi mirasy öz röwşen nuruny diňe bir türkmen halkynyň kalbyna çaýman, ol ýer ýüzüniň halklaryny dostlaşdyrýar, doganlaşdyrýar, halklary biri-birine ýakynlaşdyrýar.

Köpetdagyň belent gerşinde akyldar şahyrymyzyň ýadygärligini öz içine alýan täze medeni-seýilgäh toplumynyň döredilmegi, Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) hemişelik geňeşiniň Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen mejlisinde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli, 2024-nji ýyly «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan etmek hakynda ýurdumyzyň öňe süren başlangyçlarynyň biragyzdan goldanylmagy beýik söz ussadyna goýulýan belent sarpanyň güwäsidir. Goý, türkmen halkynyň abraýyny arşa göteren şahsyýetlerimizi mynasyp derejede sarpalaýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň jany sag bolsun, alyp barýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Gülnar AKYLLYÝEWA,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu