
Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, ekologiýa ýagdaýynyň gowulanmagyny gazanmak maksady bilen her ýyl geçirilýän ählihalk bag ekişlik dabarasy indi asylly däpleriň birine öwrüldi. Häzirki wagtda Türkmenistanda bu köpýyllyk işiň aýdyň netijeleri görünýär.
Ýurdumyzda tebigaty gorap saklamak, Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmek babatda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen ählihalk bag ekmek möwsüminde agaç nahallarynyň millionlarça düýbi oturdylýar. Şonuň netijesinde, gözel Diýarymyz saýaly baglaryň, miweli agaçlaryň mekanyna öwrülýär. Ekologiýa syýasatynyň rowaçlanýandygyny alamatlandyrýan tokaý zolaklarynyň, döwrebap seýilgähleriň artmagy ilatyň arassa howada dynç almagy we bedenterbiýe bilen meşgullanmagy üçin zerur şertleri üpjün edýär. Bu tokaýlar, seýilgähler diňe bir gözellik döredýän künjek bolman, eýsem arassa howada adamlaryň göwnejaý dynç almaklary, şeýle-de şanly seneler mynasybetli medeni çäreleri guramak üçin hem amatly bolup durýar.
Ekologiýa abadançylygyny üpjün etmegiň bähbidine kabul edilen we üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasyna bu babatda möhüm orun degişlidir. Bu resminamada okgunly ösýän senagat düzümi, ulag kommunikasiýalarynyň giň ulgamy, şäherleriň hem-de täze ilatly ýerleriň çalt gurulmagy bilen birlikde ýaşyl zolaklaryň döredilmegi göz öňünde tutulýar. Bu iri maksatnamanyň çäklerinde giň möçberli bag ekmek işleri alnyp barylýar. Bu işe ýurdumyzyň ähli ilaty uly höwes bilen gatnaşýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe giň möçberli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, güneşli Diýarymyz ýaşyl jülgeleriň, ajaýyp seýilgähleriň hem-de gür bagly tokaýlaryň mekanyna öwrülýär. Olar täzelenişiň we ösüşiň janly nyşanlarydyr.
Merdan ÝAŇYBAÝEW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Dänew etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni.



