
Türkmenistanda 26-njy martda Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary geçiriler. Mälim bolşy ýaly, şu gezekki saýlawlaryň türkmen jemgyýetinde milli demokratik ýörelgeleri mundan beýläk-de berkitmegiň üýtgewsiz şerti bolan giň bäsdeşlik esasynda geçirilmegi baş maksat bolup durýar.
Soňky ýyllarda Türkmenistanyň saýlaw kanunçylygynda uly özgertmeler amala aşyrylyp, ol halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna doly laýyk gelýär. Türkmenistanyň saýlaw kanunçylygyna açyklyk, aýanlyk, demokratik ýörelgeler babatda düýpli üýtgetmeleriň girizilendigini hem-de onuň halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna doly laýyk gelýändigini bellemek gerek.
Saýlawçylar dalaşgärleriň hünär we guramaçylyk başarnyklary, olaryň saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamalarynyň esasy ugurlary bilen tanyşdylar. Maksatnamalarda beýan edilýän meýilnamalaryň esasy many-mazmuny Türkmenistanyň ösüşini hem-de abadançylygyny üpjün etmekden, türkmen halkynyň durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Milli parlamentde, ýerli dolandyryş, häkimiýet edaralarynda öz okruglaryna wekilçilik etmäge hukuk gazanmak ugrunda ildeşlerimiziň uly hormatyna we ynamyna mynasyp bolan raýatlaryň dalaşgärlik edýändiklerini bellemek gerek.
Şu gezekki saýlaw möwsümi möhüm syýasy-jemgyýetçilik çäredir. Ol demokratik ýörelgeleri giňeltmäge, syýasy-jemgyýetçilik özgertmeleri çuňlaşdyrmaga, hakyky halk häkimiýetlilik taglymlaryny berkarar etmek ýoly bilen ynamly öňe barýan ýurdumyzda raýat aňyýetini täze derejä çykarmaga ýardam berer. Biz – ýaşlaryň saýlawlara işjeñ gatnaşyp, mynasyp dalaşgäre ses bermegimiz kanuny borjumyzdyr.
Ýurdumyzda halk häkimiýetliligini barha dabaralandyrýan Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun!
Ýusup KARATAÝEW,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.



