Žurnalistiň sahypasy

Bedew atlarymyz — şan-şöhratly taryhymyz

24-03-2023 / 18

Mertlik-merdanalyga, gahrymançylyga ýugrulan türkmen halkynyň ýaşaýşynyň ähli döwürlerinde bedew atlarymyz şan-şöhratly taryhymyzy bezäp gelipdir. Çünki halkymyzyň milli ýaşaýyş medeniýetinde uly orun eýeleýän bedewlerimiz gaýduwsyz türkmen ýigitleriniň ýow gününde ýoldaşy, toý gününde syrdaşy bolup, ýürekleriniň buýsanjyna, köňülleriniň senasyna öwrülipdir.

Ir döwürlerden bäri halkymyzyň uçar ganaty hasaplanylýan bedew atlarymyzyň wepadarlygy ajaýyp nusgawy eserlerimizde öz beýanyny tapypdyr. Türkmen halk döredijiliginde bedew bilen bagly paýhasly pikirleriň, jümleleriň köplügi halkymyzyň atyna goýýan belent sarpasyndan nyşandyr. Elbetde, bedew hakda «Ertir tur-da, ataňy gör, ataňdan soň — atyňy», «At agynan ýerde toý bolar» ýaly ençeme pähimleri döreden halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşyny bedewsiz göz öňüne getirmek mümkin däl.

Bu gün ata-babalarymyzyň asylly ýol-ýörelgeleri täzeden dikeldilip, türkmeniň atşynaslyk sungaty rowaçlyklara beslenýär. Ýyndamlygy hem-de owadanlygy bilen şan-şöhraty dünýä dolan ahalteke bedewlerimiziň şöhratly ýoly gaýtadan dabaralanýar. Ýurdumyzda atçylyk sungatyny ösdürmekde döwletimiz tarapyndan ähli şertler döredilýär. Garaşsyz Watanymyzda tutulýan toý-baýramlarda türkmen ýigitleriniň ýerine ýetirýän at üstündäki oýunlary bolsa ýatdan çykmajak aýratyn täsirleri galdyrýar.

Gahryman Arkadagymyzyň: «Türkmen topragynda dünýä inen ahalteke bedewi täsin sazlaşygyň, gözelligiň, ajaýyplygyň, tebigatyň beren we ynsan zähmetiniň we paýhasynyň netijesinde kämilleşdirilen deňsiz-taýsyz okgunlylygyň nyşany bolup durýar!» diýen sözleri döwletimiziň hem-de türkmen halkymyzyň özüniň ajaýyp atlaryna garaýşynyň many-mazmunyny iň ýokary derejede şöhlelendirýär.

Toýlary toýlara ulaşýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli alyp barýan ähli belent işleriniň elmydama üstünliklere beslenmegini arzuwlap, ähli türkmen halkymyzy, Türkmen bedewiniň milli baýramy hem-de Türkmen alabaýynyň baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys!

Bereket ÖWEZGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu