Žurnalistiň sahypasy

Türkmenistanda meteorologiýanyň taryhy

23-03-2023 / 6

23-nji mart – Bütindünýä meteorologiýa güni. Ilki bilen “meteorologiýa  näme?” diýen soraga jogap tapalyň!

Meteorologiýa – atmosferada bolup geçýän hadysalary we howa ýagdaýlaryny öwrenýän hem-de olaryň sebäplerini düşündirýän ylymdyr, ýagny atmosferanyň fizikasydyr. Ylmy we internet çeşmelerinde bellenilişi ýaly, biziň Garaşsyz we baky Bitarap ýurdumyzda 1926-njy ýylda meteorologiýa gullugy döredilýär we ol halk hojalygynyň ösüşine hem-de meteorologiýa maglumatlarynyň talabalaýyklygyny meýilnamalaşdyrýar. 1993-nji ýylyň ýanwar aýynyň 3-den bäri ata Watanymyz Bütindünýa meteorologik guramasynyň agzasydyr.

Bu ylym hakynda ýazylan birnäçe maglumatlara ser salsak, Türkmenistanda XX asyryň başynda bary-ýogy 20 sany meteorologik beketlerinde gözegçilik geçirilipdir. Şol döwrüň meteorologik beketleriniň köpüsi Russiýanyň A.I.Woýeýkow adyndaky Baş geofizika obserwatoriýasy we Rus geografik guramasy tarapyndan gurlupdyr.

2006-njy ýylyň maglumatlaryna görä, ýurdumyzyň çäginde 42 sany meteobeketler hereket edip, olaryň içinde ilkinji gurlan meteorologik bekedi hem Türkmenbaşy şäherindäki meteorologik bekedidir. Ol şäheriň döredilmegi bilen bilelikde 1869-njy ýylda döredilýär. Şondan 14 ýyl soň Serdarda, 1888-1889-njy ýyllarda Mary sebitleriniň klimat şertlerini öwrenmek maksady bilen Maryda, Soltanbentde we Baýramalyda meteorologik beketler gurulýar. Aşgabatda ilkinji meteorologik stansiýa 1892-nji ýylyň maý aýynda, Köşi obasynda bolsa 1910-njy ýylda gurulýar. Şol ýyllardan soň Aşgabatda yzygiderli howa gözegçiligi başlanýar.

Watanymyzda meteorologiýa we klimatologiýa ylmyna esasan hem K.Weýisow, G.Gurbandurdyýew, A.Durdyýew, A.Durdykow, N.Nurberdiýew, Ý.K.Balakirow, G.Hamraýew we beýlekiler öz mynasyp goşandyny goşup, ýaşlara we geljekki meteorolog hünärmenlere birnäçe ylmy kitaplary hem ýazdylar.

Arslan GUWANÇMYRADOW,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu