Žurnalistiň sahypasy

Türkmenistan-Katar: sport hyzmatdaşlygy işjeňleşýär

22-03-2023 / 8

Türkmen-katar gatnaşyklarynda sport hyzmatdaşlygy hem ähmiýetli ugurlaryň biri bolup durýar. Biziň döwletlerimizi jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak üçin sporty ösdürmeklige netijeli serişde hökmünde birmeňzeş garaýyşlar özara baglanyşdyrýar.

Mälim bolşy ýaly, 2017-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary ýokary guramaçylykly geçirildi. Bu babatda Katarda hem eýýäm birnäçe gezek abraýly halkara sport ýaryşlary geçirildi. Ýurtda her ýyl awto-moto ýaryşlar, sportuň suw görnüşi boýunça ýaryşlar, tennis, ýeňil atletika, ýelkenli gämi ýaryşlary we beýleki uly sport ýaryşlary yzygiderli geçirilýär.

Sport ýaryşlary hemişe halklaryň arasyndaky parahatçylygy we dostlugy, dürli milletlerden bolan adamlaryň agzybirligini, olaryň halklaryň, döwletleriň arasynda özara düşünişmäge, açyklyga we hoşniýetlilige ýardam bermäge gönükdirilen Olimpiýa hereketiniň belent maksatlaryna ygrarlydygyny alamatlandyrýar.

2022-nji ýylda Arkadagly Serdarymyzyň Dohada geçirilen Futbol boýunça dünýä çempionatynyň oýunlarynyň biriniň hormatly myhmany bolmagy ýurdumyzda sporty ösdürmäge hem-de wagyz etmäge, bu ulgamda netijeli halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly üns berilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr. Bu sport baýramçylygy Ýer ýüzüniň dürli sebitlerinden futbolçylary we sportuň örän özüne çekiji bu görnüşiniň janköýerlerini bir ýere jemledi.

Türkmenistan Katar bilen köptaraplaýyn esasda, abraýly halkara, sebitleýin guramalaryň we düzümleriň ugry boýunça, şol sanda sporty ösdürmek ulgamynda hem üstünlikli gatnaşyk edýär. Mälim bolşy ýaly, Katar Ýakyn Gündogarda sporta örän uly üns berýän döwletleriň biri hasaplanýar. Dohanyň merkezinde, ýurduň iň beýik «Aspire Tower» binasynyň eteginde ýerleşen halkara «Halifa» stadiony «Doha Sports City» sport toplumynyň düzümine girýär hem-de 1976-njy ýylda açylan pursadyndan başlap, Kataryň esasy futbol stadiony bolup durýar. Stadiona ilkibaşda 20 müň tomaşaçy ýerleşýärdi. 2005-nji ýylda XV tomusky Aziýa oýunlary mynasybetli durky täzelenip, ol 50 müň tomaşaçyny ýerleşdirip bildi. Geçen ýylky dünýä çempionaty mynasybetli bolsa “Halifa” stadionynyň mümkinçiligi 68 müň tomaşaça çenli artdyryldy. Bu ýerde birnäçe gezek iri sport forumlary geçirildi. 1992-nji ýylda stadion Aýlagyň Kubogy ugrundaky 11-nji ýaryşyň oýunlaryny kabul etdi. “Halifa” stadionynda Aziýa oýunlarynyň açylyş we ýapylyş dabaralary, ýeňil atletika boýunça ýaryşlar geçirildi. Futbol boýunça dünýä çempionatyny Katar ilkinji gezek geçirdi.

Hormatly Prezidentimiziň Katar Döwletine şu gezekki amala aşyran döwlet saparynyň çäklerinde gol çekilen resminamalaryň arasynda 2023-2024-nji ýyllar üçin sport babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti bilen Katar Döwletiniň Medeniýet we sport ministrliginiň arasynda Maksatnamanyň bardygyny aýratyn bellemelidiris. Munuň özi bu babatdaky hyzmatdaşlygyň geljeginiň uludygyny alamatlandyrýar.

Maýa GURDOWA,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu