
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesilleriň kadaly ösmegini üpjün etmek maksady bilen uly işler durmuşa geçirilýär. Körpejeleriň ählitaraplaýyn sazlaşykly kemala gelmegi ugrunda mekdebe çenli çagalar edaralary hem mynasyp işleri alyp barýar. Onda çaganyň beden we akyl taýdan ösüşine gönükdirilen çäreler bilim maksatnamalary, okuw-terbiýeçilik, guramaçylyk işiniň meýilnamalary esasynda ýerine ýetirilýär.
Degişli düzgünleriň hem-de döwrümiziň talaby netijesinde çagalaryň kadaly ösüşini gazanmakda milli ýörelgeler hem işjeň peýdalanylýar. Çagalaryň ösüşi ýaş aýratynlyklaryna görä dürli-dürli bolýar. Bu döwürde çagalaryň beden we akyl ösüşinde özgertmeler bolup geçýär. Şonuň üçin hem çagalaryň irki ösüşini talabalaýyk gazanmak ugrundaky alnyp barylýan işlerde döwlet syýasatyndan, degişli maksatnamalardan we ýörelgelerden ugur alynýar.
«Türkmenistanda çaganyň irki ösüşi boýunça 2020-2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýa» we «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020-2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasy» hem-de meýilnamasy bu ugurdaky alnyp barylýan işler üçin esasy ýol görkeziji we ugrukdyryjy resminamalardyr. Bu resminamalardan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda bolsa mekdebe çenli çagalar edaralarynda hem mynasyp işler alnyp barylýar. Bu ýerde çaganyň ählitaraplaýyn ösüşine uly üns berilýär. Ýagny çaganyň beden, sözleýiş, akyl ýetirijilik, sosial, emosional taýdan ösüşlerini we onuň degişli ölçeglere laýyk gelmegi ugrunda toplumlaýyn işler durmuşa geçirilýär.
Çaganyň kadaly ösüşini üpjün etmek maksady bilen bilelikdäki tagallalaryň ene-ata, şepagat uýasy bilen bilelikde geçirilmeli işleriň hem ýokary ähmiýeti bardyr. Şoňa görä-de çagalaryň ähli taraplaýyn kadaly we göwnejaý ösüşini üpjün etmek maksady bilen toplumlaýyn çäreler yzygiderli durmuşa geçirilýär we olaryň her biri aýratyn gözegçilikde bolýar. Munuň özi berkarar türkmen jemgyýetiniň berk bedenli, sagdyn, ruhy taýdan kämil, aň-düşünje babatda öňdebaryjy şahsyýet bolup ýetişmegi hakyndaky aladalaryň hiç biriniň hem ünsden düşürilmeýändigini alamatlandyrýar. Çünki şu günki kadaly kemala gelen körpe nesil — ertirki şahsyýet.
Bagtyýar nesilleriň kämil hem-de hemme taraplaýyn ösüşini gazanmaga, olaryň kadaly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen mümkinçilikleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimize, sagdyn nesilleriň ýagty geljeginiň mizemez binýadyny pugtalandyrýan Milli Liderimize alkyşlar aýdýarys.
Güljemile HUDAÝBERDIÝEWA,
Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabyndaky 12-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçi-usulyýetçisi.



