Žurnalistiň sahypasy

Döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmekde ýokary derejedäki sapar

22-03-2023 / 7

Hormatly Prezidentimiziň üstünlikli durmuşa geçirýän daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem dünýä döwletleri bilen dostlukly, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekden, hyzmatdaşlyga täze mazmun bermekden we işjeňleşdirmekden ybaratdyr. Türkmenistan özüniň parahatçylyga we oňyn bitaraplyga esaslanan daşary syýasy ugruny yzygiderli amala aşyrmak bilen, Ýakyn-Gündogar sebitiniň ýurtlary bilen netijeli gatnaşyklaryň has-da ösdürilmegine uly ähmiýet berýär. Bu sebitde dostlukly gatnaşyklarymyzyň we özara bähbitli hyzmatdaşlygymyzyň barha ösýän ýurtlarynyň biri hem Katar Döwletidir.

Katar Günorta-Günbatar Aziýada, Arabystan ýarymadasynyň demirgazyk-gündogarynda, Katar ýarymadasynda ýerleşýär. Günortada Saud Arabystany bilen serhetleşýär we beýleki çäkleriniň esasy bölegi dünýä söwda ýollaryna çykýan deňiz giňişlikleri bilen gurşalandyr. Paýtagty Doha şäheri bolan Kataryň iň täze taryhy 1971-nji ýylyň 3-nji sentýabrynda garaşsyzlygyny gazanmagy bilen başlanýar. Kataryň emiri Taniler şaneslinden bolan Şeýh Tamim ben Hamad Al Tanidir.

Kataryň häzirki zaman halkara gatnaşyklarynda tutýan orny uludyr. Ol dünýäniň ýangyç-energetika gorlary babatda uly mümkiçiliklere eýe bolup durýar. Bu, ilkinji nobatda, Katar Döwletiniň dünýäde tebigy nebit-gaz gorlaryna eýe bolmagy we olary eksport ediji ýurtlaryň arasynda öňdäki orunlary eýeleýändigi bilen düşündirilýär.

Türkmenistan bilen Kataryň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni we ylym-bilim çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk döwletara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Türkmenistan we Katar halkara durmuşynyň esasy meselelerini çözmekde, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde özara hereket etmek bilen, birek-birege goldaw berýärler we halkara başlangyçlar bilen çykyş edýärler. Türkmenistan bilen Katary dünýäde iri energiya öndüriji, tebigy gazy eksport etmekde we mundan beyläk-de ösdürmekde kuwwatly ykdysady mümkinçiligi bolan oňyn hyzmatdaşlar hökmünde görkezmek bolar. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlykda ygtybarly gural hökmünde söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki türkmen-katar hökümetara toparyna uly orun degişlidir.

Hormatly Prezidentimiziň Katar Döwletine amala aşyran döwlet sapary iki ýurduň gatnaşyklaryny giňeltmäge bolan özara gyzyklanmanyň barha ösýändiginiň subutnamasy bolup, ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmäge mümkinçilik berýär hem-de dostlugyň we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň berk binýadynda gurulýan türkmen-katar hyzmatdaşlygynyň täze ugurlaryny açýar.

Güljan ORAZNEPESOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu