
Her ýylyň ýaz paslynda dabaralanýan Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni çagalar baglarynda-da şatlyk şowhun bilen baýram edilýär.
Bu baýramçylyk öz milli aýratynlyklary, taryhy kökleri we köp öwüşginli däpleri bilen dürli ýaşly raýatlarda bolşy ýaly, ýaş nesillerde hem ýaraşykly ýazyň ýakymly täsirlerini galdyrýar. Şonuň üçin hem Nowruz güni körpe nesillerimiziň hem söýgüli baýramçylyklarynyň biri hasaplanylýar.
Milli bahar baýramyny dabaraly bellemek çagalar baglarynyň meýilnamasyna laýyklykda günüň birinji ýarymynda geçirilýär. Oňa ýaş aýratynlyklaryna görä çagalar toparlary mynasyp taýýarlanylýar. Baýramçylygyň işlenip düzülen maksatnamasyna laýyklykda dürli çykyşlara, gutlaglara, aýdym-sazlara, Nowruz nagmalaryna, tanslara we çeper okaýyşlara aýratyn orun berilýär. Körpeje wäşileriň sahnajyklary, gyzykly oýun pursatlary bolsa baýramçylyk ruhubelentliginiň üstüni ýetirýär. Milli lybaslary geýnen geljekki mekdep okuwçylarynyň gyzykly häsiýete eýe bolan joşgunly çykyşlary tomaşaçy hökmünde gatnaşýan kiçijik körpeleriň göwnüni göterip, olara ruhy lezzet bagyşlaýar.
Bu baýramçylygyň geçirilýän ýeriniň bezeg aýratynlyklarynyň göwnejaý we döwrebap bolmagy hem çäräniň netijeli geçmegini şertlendirýär. Bellenilen gün tertibine laýyklykda, baýramçylygyň açyk howada ýa-da binanyň içinde guralýandygyna garamazdan Milli bahar baýramynyň — Halkara Nowruz gününiň alamatlary ýerine ýetirilen bezeg işlerinde öz beýanyny tapýar. Bu ýerde baýdajyklardyr bahar gülleri, älemgoşaryň şekili, ýazyň ajaýyp görnüşleri, türkmen semenisiniň maýsasy, milli gymmatlyklarymyz ýaly bezeg serişdeleri ulanylyp bilner. Çünki toý meýdançasynyň baýram edilýän senäniň mazmuny bilen baýlaşdyrylmagy ajaýyp sazlaşygy emele getirip, oňa gatnaşyjylary hakyky toý ruhy bilen gurşaýar.
Ýeri gelende bellesek, guramaçylyk taýdan maksadalaýyk, usuly babatda talabalaýyk geçirilýän şeýle baýramçylyklaryň çykyşlary bilim babatda ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň öwrenen sowatlaryny özleşdirmekde, bilimleriň üstüni ýetirmekde, ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmakda, zehinlerini ýitileşdirmekde we olary höweslendirmekde oňyn ähmiýete eýedir.
Ýaş nesilleriň durmuşynda we bilim-terbiýesinde oňyn netijeli bolan baýramçylyk senelerini bilim ojaklarynda hem guramaçylykly we baý many-mazmunly geçirmäge uly mümkinçilikleri döredip berýän Milli Liderimize hem-de Arkadagly Serdarymyza şu toýly günlerde aýdýan alkyşlarymyz has-da joşgunlydyr.
Nabat AŞYROWA,
Baýramaly şäherindäki 6-njy çagalar bakja-bagynyň müdiri.



