Žurnalistiň sahypasy

Ak ertirlerimiziň eýeleri

21-03-2023 / 8

Çaga terbiýesi hemişe hem halkymyzyñ üns merkezinde saklanýar. Ata-babalarymyzyñ ýörelgesinde, halkymyzyñ durmuş adatlarynda asyrlar boýy ýaşap, kämilleşip gelýän perzent terbiýesi babatdaky ýörelge häzirki ajaýyp döwrümizde has-da rowaçlanýar.

Garaşsyz Türkmenistanyñ ak ertirleriniñ eýeleri hasaplanylýan bagtyýar körpeleriñ milli ruhda terbiýelenmeginde, sowat öwredilmeginde bolsa mekdebe çenli çagalar edaralarynyñ hem uly orny bar. Häzirki wagtda bilim-terbiýeçilik edaralarynyñ hatarynda çagalar bakja-baglaryna gatnaýan körpeler zamanabap terbiýelenip, olaryñ kadaly irki ösüşini gazanmak, ýaş aýratynlyklaryna görä sowat öwretmek we mekdebe taýýarlamak işleri ylmy esaslarda, döwlet maksatnamalaryñ  ýörelgelerinde we milli häsiýetde alnyp barylýar. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda geçirilýän ähli okuw mazmunly işleriñ, çäreleriñ içinden bolsa terbiýeçilik ugurly başlangyçlar eriş-argaç bolup geçýär.

Daşary ýurt dilini öwrenmek, çaganyň ösmeginde, şahsyýetiniň kemala gelmeginde örän möhüm orny eýeleýär. Iňlis dilini bilmek – halkara aragatnaşygyň dili ýa-da başga bir daşary ýurt dili, çaganyň gözýetimlerini giňeltmäge we dünýä düşünmegine kömek edýär. Çagalarymyzyň geljegini kerpiç bilen gurýarys. Olaryň ösmegine, bilim derejesiniñ kämilleşmegine ýakyndan ýardam bermelidir. Dil öwrenmekde çagalar sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanýarlar.

Çagalar baglarynda körpeleriň ýaş aýratynlyklaryna görä toparlarda çagalaryň irki ösüşinden başlap, aň ösüşi hem-de terbiýe ulgamy sazlaşykly alnyp barylýar. Okuw-usulyýet işleriniň göwnejaý guralmagy, sanly bilim ulgamynyň mümkinçiliklerinden giň gerimde peýdalanylmagy netijesinde ýaş nesilleriň kämil sowady hem mekdebe taýýarlygy gazanylýar. 

Gülzira BOÝAZOWA,
Şabat etrabynyň 2-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu