Žurnalistiň sahypasy

Magtymguly, adyň dillere dessan…

19-03-2023 / 7

 Pederlerimiziň “Ýürege ýerleşýän, kalba ornaýan paýhas iň gymmatly hazynadyr” diýen hikmetli sözi häli-häzirem öz hakykatyny doly subut edýär. Muny türkmeniň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň şygyrlary doly tassyklaýar.

Many-mazmunlarynyň gymmaty hakda söz açsaň, ol paýhaslar, bir görseň, beýikligine göz ýetmeýän daga, düýbüne aň ýetmeýän ummana meňzeýär. Müň öwüşginli, gül-gülälekli sähralar kibi, topragy ýaşyl maýsaly, daragty datly  miweli bag-bossanlar ýaly göwnüňi gandyrýar. Her setirinde tebigatyň melhem ysyny duýup bolýar. Bizi gyzyklandyrýan her bir zat, ylym dogrusynda ýüzlerçe paýhasy, edep-ekram ýörelgesini, öwüt-nesihaty tapyp bolýar. Berkarar döwlet, agzybir jemgyýet, kämil şahsyýet üçin zerur bolan häsiýetleri, düzgün-kadalary birin-birin beýan edýär. Ýazylany bäri ýüreklere, aýdylany bäri aňlara hemra bolan şol paýhaslar, hikmetler, parasatly sözler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has täze belentliklere çykýar. Bu gün ol dürdäne sözler, diňe bir halkyň däl, eýsem, dünýä halklarynyň ruhy-edebi gymmatlygyna öwrülmegi başardy.

Agzybirlik, saglyk we döwletlilik – akyldar şahyryň eserinde, ilki bilen, öňe süren pikirleri. Milli Liderimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatynda hem şol aýratynlyklar döwrebap şöhlelenýär. Halkyň gursagynda göteren arzuwyny, jan deýin ezizlän ruhy-edebi gymmatlyklaryny döwrümiziň ajaýyplyklary bilen utgaşdyrmak beýik işleriň biridir. Şahyryň şygyrlar diwany dünýä dilleriniň birnäçesine terjime edildi. Hormatly Prezidentimiziň beýik başlangyçlary we döreden mümkinçilikleri esasynda daşary ýurtlarda Magtymgulynyň döredijiligine bagyşlanyp dürli halkara çäreler, dabaralar geçirilýär. Bu gün şol gymmatlyga berlen mynasyp baha dünýä ýüzüniň ünsüni, nazaryny ussat şahyra gönükdirýär.

Maýsa HAÝTJANOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Gündogar dilleri we edebiýaty fakultetiniň türkmen dili we edebiýaty hünäriniň 4-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu