
Halkymyz Milli bahar baýramyny Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzda hem döwlet derejesinde uly şatlyk-şowhun bilen bellemäge taýýarlyk görýär. Gadymdan gelýän hoşniýetli däp-dessurlarymyzy dowam etdirip, döwrebap öwüşginlerde dabaraly bellenilýän Halkara Nowruz güni — Milli bahar baýramy türkmenleriň geçmiş taryhy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.
Gyşyň päk nura eýlenen keşbi ene topragymyza nur-bereket bolup siňdi. Bu gün bolsa ak gary bilen rysgal eçilen gyş pasly öz ornuny dolup-daşyp gelen ajaýyp bahar-ýaza berdi. Gül görke beslenen gözel ülkämiz özüniň gyş donuny aýryp, mahmal ýaz begresini geýdi. Bu ajaýyp möwsümiň dowam edýän pursatlaryndan kalby ylhamlanmaýan şahyr-ýazyjy, ýüregi joşmaýan aýdymçy, megerem, ýok bolsa gerek. Ilkinji ýaz ýagşynyň topragymyza bereket eçilmegi baharyň ilkinji şirin mukamynyň owazydyr. Bu baharda tebigatymyzyň gözel ýaýlalarynda, dagynda-düzünde gözüň eglenende, göwnüň göterilip, kalbyň heýjana gelýär, türkmen sährasyna, tebigatyna bolan buýsanjyň has-da artýar. Her gün ir säher bilen garşy alýan nurly Günümiz, Zemin zynaty bolan al-elwan güllerden, bilbilleriň ýakymly owazyndan, täze-täze ösüşlerden, rowaçlyklardan habar berýär.
Nowruz galkynyşyň, gülleýşiň we täzelenişiň baýramy bolmak bilen, jemgyýetde parahatçylygy, agzybirligi, ynanyşmagy kemala getirýär. Hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitli gatnaşyklar, birek-birege ynam Nowruz baýramynyň esasy ýörelgeleridir.
Goý, gadymy hem müdimi halkymyzyň kalby şadyýan, ýüzleri pasly bahar dek nurana, göwünleri bahar bägülleri mysaly şadyýan bolsun! Ählimize şatlykly, buýsançly pursatlar ýar bolsun!
Pena KAKAJANOW,
TOHI-niň Gidromeliorasiýa we oba hojalygyny mehanizmleşdirmek fakultetiniň Ýer gurluşygy we kadastrlar taýýarlyk ugrunyň 1-nji ýyl talyby.



