
Hydyr Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebini üstünlikli bahalar bilen tamamlap,ykbalymyň maňlaýyma ýazmagynda Serhet institutynyň uçurymy serhetçi ýigit bilen durmuş gurmak bar eken.Watan — bu biziň ömrümiziň manysy! Ýanýoldaşym ikimiz hem Watana bolan söýgüsi çäksiz ynsanlar. Bize zähmet ýolumyzy Köýtendag etrabynyň Amyderýa şäherçesinde başlamak nesip etdi. Ilkinji mugallymçylyk kärime Amyderýa şäherçesindäki 53-nji orta mekdepde başladym. Işe başlamda ilkinji günümden mekdebiň müdiri Agaýar Kurbanow şol mekdebiň öňdebaryjy, abraýy, hormaty we döredijilikli zähmeti bilen tanalýan iňlis dili mugallymy Ogulnyýaz Begaliýewany maňa halypa mugallym diýip belledi.
Bilime teşnelik, uly höwes Ogulnyýaz mugallymy 1983-nji ýylda häzirki Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň daşary ýurt dilleri fakultetine okuwa eltýär. Ol bu ýokary okuw mekdebini abraý bilen tamamlap, öz bilim-terbiýe alan bilim ojagyna işe goýberilipdir. Ýaş mugallym zähmet ýoluna başlan ilkinji gününden işe yhlaslylyk bilen ýapyşypdyr. Halypam sapaklaryny, esasan, durmuş bilen baglanyşdyrmaga aýratyn üns berýär. Ol sapaklarda Milli Liderimiziň dürdäne eserlerinden ýerlikli peýdalanýar. Hususan-da, Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi”, “Älem içre at gezer”, “Enä tagzym — mukaddeslige tagzym” atly kitaplaryndaky terbiýeçilik, ahlaklylyk, asyllylyk baradaky gyzyla gaplaýmaly sözler okuwçylara berilýän bilim-terbiýäniň ähmiýetini artdyrýar.
Asylly kärinde kyrk ýyla golaý zähmet çekip, ol işinden boş wagtynda medeni-köpçülikleýin çärelere-de işjeň gatnaşýar. 2004-nji ýylda “Ýylyň mugallymy” bäsleşiginiň welaýat tapgyrynyň ýeňijisi boldy. 2009-njy ýylda bolsa ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalary bilen “Zenan kalby” žurnalynyň bilelikde geçiren “Enem sypan saçlarym” atly gelin-gyzlaryň arasynda geçirilen bäsleşiginiň ýeňijisi bolmagy başardy. Mundan 8 ýyl öňTürkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi tarapyndan geçirilýän “Ýylyň zenany” bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda “Ýylyň mährem zenany “ugry boýunça ýeňiji boldy.
2020-nji ýylda Türkmenistanyň “Watana bolan söýgüsi üçin”diýen medaly bilen sylaglanylmagy tejribeli mugallymy täze üstünliklere ruhlandyrdy. Üstünlikler halypa mugallymyň işe höwesini has-da artdyrýar.
Halypam maňa synp otagynda her bir sapagy täzeçilik esasynda, interaktiw tagtalarda täzelikleriň gözleginde bolup,okuwçynyň ünsüni çekäýjek täze slaýdlary taýýarlamalydygymy, geçýän her bir sapagymy tejribede ornaşdyryp bilmegimi nygtaýar. Ol maňa oýunlaryň, bäsleşikleriň üsti bilen okuwçylarda sapagyň uly täsir galdyrmagyny gazanarsyň diýýärdi.Onuň iňlis dili gurnagyna gatnaýan höwesjeň zehinli okuwçylaryň sanyny artdyrmak we terbiýeçilik ähmiýetli gurnaýan çäreleriniň sany sanardan kän. Men ilkinji işe başlan okuw ýylymda mekdepde “1-nji oktýabr” Halkara Ýaşulular Güni “mynasybetli ýaşuly mugallymlary we dürli pudakda işlän öňdebaryjy,abraýly ýaşululary çagyryp, okuwçylar bilen taýýarlan çykyşlary baýramçylygyň täsirini has-da beýgeltdi.Ogulnyýaz Begaliýewa her baýramçylyk mynasybetli terbiýeçilik ähmiýetli baýramçylyk çäresini geçirip durýar.Ogulnyýaz molum elmydama ýaşuly nesle hormat ,sarpa goýýan ynsan.Men hem her okuw ýylynda “Ýaşulularyň Halkara güni” baýramçylygy mynasybetli baýram çylyk çäresini okuwçylarym bilen geçýärin.
Ol maňa diňe bir iş ýüzünde halypa bolman durmuş ýolumdada halypa boldy.Özümiň ýaş gelinligimden başlap maňa peýdaly maslahatlary we ündewleri bilen maşgala gymmatlyklaryny gorap saklamak,gaýyn-gelin gatnaşyklary barada ,ýan ýoldaşyma hormat goýmak,öýüň ody bilen girip küli bilen çykmalydygy barada ,öýde ilkinji nobatda agzybirligiň höküm sürmelidigini belleýär.Halypam maňa Arkadagymyzyň “Paýhas çeşmesi”atly kitabyndaky “Agzybire Taňry bir, agzalany gaňrybir” diýip belleýşi ýaly ,agzybir bolsak ýetip bolmajak zatlar bolmaz diýýär. Dogrudan-da ,agzybirlik bahasyna ýetip bolmajak baýlyk.Ýoldaşym maýor Rahym Hammyýew bilen egnimizi bir egne berip zähmet çekip, iki perzendimizi kemala getirip ,halal zähmet çekýäris we ýurdumyzyň dürli künjeklerinde zähmet çekip gelýäs.Haýsy welaýatlara maşgalam watan öňündäki borjuny berjaý etmäge gitse-de ,biz hem maşgalamyz bolup ýurt goragyna öz goşandymyzy goşýarys.Nirede bolsamda men halypamyň ejem ýaly güler ýüz berip,öwreden nesihatlary we öwütleri meniň üçin bahasyna ýetip bolmajak baýlykdyr.Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda Sanly ulgamy ösdürilýär. Mekdeplerde sanly bilim ulgamlary ornaşdyryldy. Halypa-şägirtlik ýollary ösdürilýär.
Men häzirki wagtlarda mugallymçylyk kärimi Köýtendag etrabynyň 8-nji orta mekdebinde dowam etdirýärin. Bu mekdepde dört ýyldan bäri iňlis dili mugallymy bolup zähmet çekip gelýärin. Hormatly Prezidentimiziň biz ýaşlar baradaky aladalary diýseň bimöçber. Hormatly Prezidentimiz her bir çykyşynda harby gullukçylaryň maşgala agzalary barada alada edýändigi we ýaşaýyş üçin gowy şertleri döretmelidigini aýdýar. Ýurdumyzda harby gullukçylaryň maşgala agzalaryna zähmet çekmegi we işlemegi üçin gowy şertler döredilen. Meniň ilkinji halypa mugallym Ogulnyýaz Begaliýewanyň maslahatlaryndan hemişede ugur alyp iş ýüzünde ulanyp gelýärin.Mekdebimizde sanly bilim ulgamyndan peýdalanyp,online sapaklaryny berýäris we pikirlerimizi orta atyp seljerme işlerini geçirip durýarys. Bu hem biz ýaş mugallymlarymyz üçin iň bir netijeli gollanma bolup durýar.
2023-nji ýylda Köýtendag etrabymyzda Berkarar döwletiň täze eýýamyň Galkynyşy döwründe ýaş nesle döwrebap bilim-terbiýe bermekde döredijilikli işleýän mugallymlaryň iş ussatlyklaryny öwrenmek we ýaýratmak maksady bilen etrap pedagogik işgärleriniň ýanwar aýyndaky maslahatynda guralan “Bilim” sergisi bäsleşigine gatnaşyp, maňa hem ýeňiji bolmak miýesser etdi.
2023-nji ýylyň fewral aýynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüp gelýän ýaş nesillerimize döwrebap bilim-terbiýe bermekde döredijilikli işleýän ,çagalaryň tebigy zehinlerini we ukyplaryny ýüze çykarmakda hem-de ösdürmekde baý iş tejribäni toplan mugallymlary ýüze çykarmak maksady bilen etrabymyzda geçirilen “Ýylyň mugallymy-2023” bäsleşiginiň etrap tapgyrynda I orna mynasyp bolmak nesip etdi.Kärdeş ýoldaşlarymyň arasynda hormata abraýa, mynasyp bolup okuwçylaryň söýgüsini gazanmak nesip etdi.
-Men ykbalymy mugallumçylyk ýaly asylly we hormatly kärimiň bardygyna begenýärin.Ýaş nesle berilýän bilimiň, terbiýäniň hilini gowulandyrmak we hormatly Prezidentimiziň ”Daşary ýurt dillerini kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda”döwrebap alyp barýarys. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzy üstünliklere besläris. Hormatly Prezidentimiziň halypa-şägirtlik ýoluna üns berýändigini we öwrenmek, döretmek üçin döredip berýän mümkinçiliklerime öz adymdan we maşgalamyň adyndan minnetdarlygymyzy aýdýaryn.
Aknabat HAMMYÝEWA,
Köýtendag etrabynyň 8-nji orta mekdebiniň iňlis dili mugallymy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň agzasy.



