
ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň halkara syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. ÝUNESKO-nyň düzümleri, onuň bilermenleri bilen bilelikdäki köpýyllyk işiň netijesinde uly üstünlikler gazanyldy.
häzirki döwürde Aşgabady ÝUNESKO-nyň Şäherleriň döredijilik toruna «Dizaýn» ulgamy boýunça girizmek, «Türkmen alabaýlaryny ýetişdirmek sungatyny», «Türkmen keçe sungatyny», «Türkmen demirçilik senedini», «Türkmen tazysyny we elguş sungatyny», «Türkmen milli göreşini» hem ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça degişli çäreleriň geçirilýär. Şeýle hem Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny ÝUNESKO derejesinde baýram edilip bellenýän şanly seneleriň sanawyna girizmek, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde ÝUNESKO kafedrasyny döretmek, orta mekdepleriň käbirini ÝUNESKO-nyň mekdepler assosiasiýasyna girizmek boýunça hem zerur işler alnyp barylýar.
ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň halkara syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. ÝUNESKO-nyň düzümleri, onuň bilermenleri bilen bilelikdäki köpýyllyk işiň netijesinde uly üstünlikler gazanyldy. Häzirki wagtda «Gadymy Merw», «Köneürgenç», «Nusaýyň Parfiýa galalary», türkmen halkynyň «Görogly» dessançylyk sungaty, türkmen milli «Küştdepdi» aýdym we saz sungaty, türkmen halyçylyk sungaty ýaly medeni gymmatlyklar we ýadygärlikler ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizildi.
Aýdyn KURÝAZOWA,
TOHI-niň Maldarçylyk kafedrasynyň mugallymy,
Nuraly BAÝNAZAROWA,
TOHI-niň Weterinar lukmançylygy hünäriniň 1-nji ýyl talyby.



