
Mähriban ýurdumyzyň gül görküne görk goşýan ýazky bag ekiş möwsümine ykjam taýýarlyk görülýär. Ýene-de sanlyja ýyldan boýy ýetip, hasyl getirjek bu baglaryň baldan datly miweleri, bereketli saçaklaryň bezegine öwrüler. Bagt gadamly ak baharyň başky aýynyň sähetli gününde başlanýan bag ekiş çäresini guramaçylykly geçirmek babatynda welaýatyň ähli etrabynda degişli işler ýaýbaňlandyryldy. Şol gün welaýatyň ähli ýerlerinde pürli, saýaly we miweli baglaryň müňlerçe düýbi oturdylar.
«Bu gün nahal — ertir daragt» diýen pähim bar. Gahryman Arkadagymyzyň dana paýhasyndan gözbaş alan, Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda täze bat bilen dowam edýän beýik işler hemişe alys geljegi nazarlaýar. Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça geçirilýän ählihalk bag ekmek dabarasy bolsa, yzygiderli häsiýete eýe bolýar. Sebäbi bag ekmek, daş-töweregi abadanlaşdyrmak, arassaçylyk çärelerini geçirmek halkymyzyň milli aýratynlygyna, ýörelgelerine mahsus, ygtykadyna muwapyk häsiýetler hasaplanylýar.
Nahal oturtmak, bag ýetişdirmek iň sogaply hem parz işleriň biri. «Ýaz bagy bilen, bag hem bary bilen geler» diýip, tejribeli bagbanlar aýdýarlar. Olaryň arassa yhlasy, irginsiz zähmeti bilen tebigatyň gözelligi artýar. Ussat bagbanlar täze baglar üçin tarp ýerleri saýlap alýarlar. Olaryň döreden gür baglary şäher-obalara görk berýär, bol hasyl getirip, datly miweleri bilen bereketli saçaklary bezeýär. Boz meýdany gülzarlyga besleýän şol baglar haýyr işiň sogabynyň wysaly bolup, uzaklardan seleňläp görünýär.
Ýaz gününde täze oturdyljak ýaş nahallar gitdigiçe zemin çuňlugyna kök urar gider. Kökler çuňluga ýetdigiçe bagyň baldagy berkäp, boýy seleňlär.
Bezirgen BERKELIÝEW,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rus dili we edebiýaty fakultetinň 3-nji ýyl talyby.



