Žurnalistiň sahypasy

Bir nahal ekseň, ömrüň baky

15-03-2023 / 12

Halkymyzda irki döwürlerden bäri bag ekmek, idetmek işleri sogap hem haýyrly iş hasaplanýar. Şol sebäpli mundan birnäçe müň ýyl ozal hem, baryp Gorkut ata eýýamy döwürlerinde bag barada olary köpeltmek barada birnäçe aýtgylar, pähimler, parasatly sözler döräpdir. Hemmämize mälim bolan Gorkut  atanyň «Bir nahal ekseň, ömrüň baky», «Bir şahany döwdigiň, eliňi ýa aýagyňy döwdigiňdir» ýaly bag barada aýdan pähimleri hem aýdyň şaýatlyk edýär. Bu aýtgylary okanymyzda baglaryň adam durmuşynda nähili orun tutýandygyna düşünip bolýar.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen Diýarymyzda ozaldan gelýän bag ekmek, salkyn saýa berýän daragtlary ýetişdirmek işleri gerimini barha giňeldip, üstünlikli dowam etdirilýär. Her ýylyň ýaz we güýz aýlarynda geçirilýän bag ekmek boýunça ählihalk çäresi özboluşly däbe öwrüldi. Agaç nahallaryny oturtmaga hemmeler işjeň gatnaşyp, ýurdumyzyň bagy-bossanlyga öwrülmegine öz saldamly goşantlaryny goşmaga çalyşýarlar. Tokaý zolaklary, seýilgähler daş-töweregemize gözellik paýlaýar.

Bag nahallaryny ekmek boýunça ählihalk dabarasy tebigatyň janlanýan we gülleýän pursatyndaky sahawatyny, halkymyzyň mähriban toprak baradaky aladany esasy ugur edinýän ruhy gymmatlyklarymyzdyr. Ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek maksady bilen, milli we ählumumy derejede ýurdumyzda toplumlaýyn uzak möhletli Milli tokaý maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu babatda esasan hem ýurdumyzda ilatly ýerleriň köpelýändigini, şeýle-de, ulag kommunikasiýalarynyň, senagat düzüminiň ýokary depginler bilen ösýändigi bilen  baglylykda ýaşyl zolaklary we tokaýlyklary döretmek göz öňünde tutulýar.

Bilşimiz ýaly, her ýyl ýurdumyzda dürli miweli, saýaly we pürli baglaryň, ýylyň dört paslynda hem gök öwsüp otyran arça agaçlarynyň dürli görnüşleri ekilýär. Ekilen baglara ideg etmek işleri hem uly depginler bilen alnyp barylýar.

Milli tokaý maksatnamasyny durmuşa geçirmek ýurdumyzda üns berilýän esasy meseleleriň biri bolup durýar. Ekologiýa abandançylygyny üpjün etmek tebigaty gorap saklamak boýunça alnyp barylýan giň gerimli işlerde döwletimiz iri halkara guramalaryň, düzümleri bilen hem işjeň hyzmatdaşlyk saklaýar. Ýurdumyz häzirki wagtda BMG-niň Ösüş maksatnamasy we Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologiýa merkezi, Bütindünýä ekologiýa gaznasy, Araly halas etmegiň Halkara gaznasy ýaly halkara we sebit guramalary bilen yzygiderli, köptaraplaýyn işjeň hyzmatdaşlyklary saklaýar. Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmek bag ekmek maksatnamasynyň esasy maksadydyr!

Nasiba MAMEDKULOWA,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu