Žurnalistiň sahypasy

Dünýä nusgalyk şäher

14-03-2023 / 7

Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezine etrap hukukly şäher derejesi berlip, oňa «Arkadag şäheri» adynyň dakylmagy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazylan wakalaryň biridir.

Täze şäheriň türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ady bilen sazlaşmagy, şeýle-de şäherde gurlan bilim, saglygy goraýyş, medeniýet edaralaryna we sungat binasyna türkmen halkynyň görnükli şahsyýetleriniň atlarynyň dakylmagy halkymyzda buýsanç duýgularyny döretdi.

Täze şähere ýurdumyzyň raýatlaryndan gelip gowşan müňlerçe teklipleriň esasynda «Arkadag» adynyň dakylmagy milli agzybirligimizi we jebisligimizi dabaralandyrýar, jemgyýetimiziň, hususan-da, ösüp gelýän ýaş nesilleriň watançylyk ruhuny we söýgüsini belende göterýär. Soňky ýyllarda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda nusgawy we häzirki zaman meşhur şahsyýetlerimiziň atlarynyň ebedileşdirilip, olaryň kärhanalara, medeniýet, saglygy goraýyş we bilim edaralaryna dakylmagy milli mirasymyza, taryhy şahsyýetlerimize goýulýan belent sarpanyň aýdyň nyşanydyr.

Ysmaýyl ESENOW,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rus dili we edebiýaty fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu