
Ýaş nesle türkmen dili bilen bir hatarda, daşary ýurt dillerini kämil öwretmek maksady bilen ýurdumyzda uly işler alnyp barylýar. Çagalar baglarynda, orta mekdeplerde, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde daşary ýurt dilleri okadylýar. Şol sanda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda hem türkmen, iňlis, nemes, fransuz, ispan, latyn, arap, pars, hytaý, ýapon, koreý, hindi, rus dilleri öwrenilýär.
Hünäre höwesli ýaşlaryň daşary ýurt dillerini oňat öwrenmegi baradaky aladalar az däl. Muňa mysal edip biziň institutymyzda daşary ýurt dilleriniň interaktiw usulda öwredilmegi mugallymlaryň we talyplarymyzyň daşary ýurt dillerinde suwara gepläp bilmek endiklerini ösdürmek maksady bilen olaryň daşary ýurtlarda dil ugrundan kämilleşip gelmegi, ýapon, koreý, hindi, nemes dilleri boýunça daşary ýurtlardan tejribeli hünärmenleriň getirilmegi bu ugurda oňat netijeleriň gazanylmagyna mümkinçilik berýär.
Dünýä dillerini oňat öwrenmek üçin okuw otaglarynda zerur şertler döredilendir. Otaglarda multimedia tagtasy, kompýuterler, audio ýazgylaryny diňlemek üçin hemme tehniki serişdeler bar.
Biz hem hormatly Prezidentimiziň daşary ýurt dillerini oňat öwretmek üçin döredip beren amatly şertlerinden peýdalanýarys. Dil sapaklary interaktiw usulda alnyp barlanda, sapak örän täsirli guralýar, öwredilýän zatlar biziň gowy ýadymyzda galýar, talyplaryň işjeňligi artýar. Mundan başga-da audio ýazgylaryňdyr tehniki serişdeleriň dil öwrenmekde bitirýän hyzmaty juda uludyr. Talyplaryň okuw-görkezme esbaplaryndan ýerlikli peýdalanmagy olaryň pikirlenme endikleriniň ösmegine ýardam edýär.
Maral TÖREGYLYJOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Rus dili we edebiýaty fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.



