Žurnalistiň sahypasy

Her gymmatly eseriňiz, zamanaň bagty, Arkadag!

14-03-2023 / 7

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ýaşlara gutlag» atly aýdymy ýurdumyzyň bagtyýar ýaşlaryna ajaýyp döredijilik sowgady boldy. 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň al-elwan baharynyň ilkinji günlerinde Gahryman Arkadagymyzyň döreden «Ýaşlara gutlag» atly aýdymy türkmen ýaşlarynyň ak ýolunda pederleriň ak patasy bolup ýaňlandy. Ene-atanyň ýürek duýgusyny özünde jemleýän täze, belent ruhly aýdym bu gün bagtyýar ýaşlaryň ýürekleriniň mähir mukamyna öwrüldi. Milli Liderimiziň ylhamyndan joşup çykan «Ýaşlara gutlag» aýdymy durmuş ýolunyň özboluşly senasyna öwrülmek bilen, ýaşlaryň bagt toýlarynda belentden ýaňlanmaga mynasypdyr. Çünki onda ene-atalaryň ählisiniň kalbyny bir owazda birleşdirýän iň nurana duýgularyň beýany jemlenen.

Milli Liderimiziň her bir eserinde döwrümiziň ruhy joşguny aýdyň duýulýar. Şu ýylyň bosagasynda-da Gahryman Arkadagymyzyň «Dowam bolsun!» atly şygry arzuwlara beslenen täze ýyl aýdymyna, ýürekleriň senasyna öwrüldi. Ol beýik özgertmeleri, ösüşleri bilen taryha zer harplarda ýazylan «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň şanly sepgitleriniň waspnamasy hem-de Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň ak patasy bolup ýaňlandy. Gahryman Arkadagymyz: «Parasatly ata-babalarymyz nesillere ajaýyp däpleri miras galdyrypdyrlar. Agzybirlik, zähmetsöýerlik, ýaşuly nesle hormat-sarpa goýmak halkymyzyň asyrlarboýy durmuş kadasyna öwrülip geldi. Biziň ýaşlarymyz şol däpleri dowam etdirmelidirler. Ösüp gelýän nesilleri şu ýörelgeler esasynda terbiýelemek hemmämiziň wezipämiz bolmalydyr» diýip sargyt edýär. Milli Liderimiziň atalyk sargytlaryna, nusgalyk göreldesine eýerip, her bir türkmen raýatynyň işde ýa-da durmuşda gazanan we gazanýan üstünligi Watanymyza abraýdyr, şandyr, ýurdumyzyň beýik ösüşlerine goşantdyr.

Arzuw SERDAROWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rus dili we edebiýaty fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu