Žurnalistiň sahypasy

Aýdym-saz sungatynda halypa-şägirtlik

13-03-2023 / 13

Taryhyň gatlaryndan häzirki günlerimize gelip ýeten gadymy däpleriň biri hem halypa-şägirtlik ýoludyr. Halkymyzyň kalbyna, durmuşyna, süňňüne siňen bu ajaýyp ýoluň, däbiň aýdym-saz sungatynda ýörgünlidigi özüňe belli.

Halkymyzyň baý milli mirasyna, medeniýetine we sungatyna sarpa goýýan hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen bu däp täze röwşe eýe boldy. Çünki şu ajaýyp döwrümize bezeg berýän il-ulus hem umumadamzat bähbitli işlere girişilmezden öň ak pata bermek, işleriň şowly bolmagynyň il bolnup dileg edilmegi munuň hakykatdan hem şeýledigini görkezýär. Ýaşaýyş-durmuş, saglyk, ylym-bilim, medeni maksatly ajaýyp binalaryň we beýleki desgalaryň düýbi tutulanda, ulanmaga berlende ak pata bermek häzirki gün eýýäm däbe öwrüldi. Il sylagly ýaşulularymyzyň gatnaşmagynda her ýyl bugdaý, gowaça ekişine we olaryň hasylynyň ýygnalmagyna ak pata berilmegi-de pederlerimizden miras galan bu gadymy däbe döwlet derejesinde hormat-sarpa goýulýandygyndan nyşandyr.

Hawa, ak pata bermek däbi halkymyzyň aýdym-saz sungaty bilen hem berk baglanyşyklydyr. Çünki bu ajaýyp sungata eýeren bagşy-sazandalaryň ählisi diýen ýaly ilkinji ädimlerde halypa mekdebini gören, halypa-şägirtlik gatnaşyklarynyň sapaklaryndan geregini alan şahslardyr. Gadymdan gelýän halypa-şägirtlik ýol-ýörelgesi hakynda Gahryman Arkadagymyz: «Ile döwlet geler bolsa» atly kitabynda: «ХХ asyrda türkmen aýdym-saz sungatyndaky halypa-şägirtlik däpleri täze ösüşe eýe boldy we hil taýdan kämilleşdi. Aýdym aýtmagyň hem saz gurallaryny çalmagyň gadymy däpleri ýuwaş-ýuwaş syntgylandy we wagtyň geçmegi bilen, ýokary halk sungaty derejesine ösüp çykdy. Umuman alanyňda, bagşyçylyk sungatynyň we türkmen sazynyň döremeginde hem-de kämilleşmeginde halypa-şägirtlik däpleri wajyp ähmiýete eýe boldular» diýip, uly baha berýär.

Türkmen bagşy-sazandalyk sungaty örän ösendigi we çuň mana eýedigi sebäpli ol ýerine ýetirijiden hem ýokary ussatlygy talap edýär. Halk arasynda hormatlanýan bagşy ýa-da sazanda bolmak üçin, hökman halypadan düýpli tälim almaly. Şägirt ussatlyk derejesine ýetende, halypasy oňa öňden gelýän däbe görä, aýdym-sazymyzyň pirleriniň adyndan ak pata berýär. Halypa şägirdine diňe bir aýdym-saz öwretmän, eýsem durmuşda hem nusga bolarlyk, hiç haçan halkyň göwnüne degmezlik, pul, serpaý bilen bildirilýän hoşallygy onuň azlygy hakynda birnäçe zatlary öwredýär. Öz gezeginde şägirt hem özüne hünär, kesp-kär öwreden halypasyna ata-enesine hormat goýşy ýaly, hormat goýýar.

Annamyrat ARAZMYRADOW,
Boldumsaz etrabynyň Gubadag şäherindäki Çagalar sungat mekdebiniň bagşy mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu