
Ýurdumyz günsaýyn gür baglyga, sergin howaly jenneti mekana öwrülýär. Eziz Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek babatda edilýän işlere mysal hökmünde ýurdumyzda her ýylda güýzki we ýazky bag ekmek möwsümleriniň geçirilip, millionlarça agaç we bag nahallarynyň oturdylmagyny görkezmek bolar. 18-nji martda ýazky bag ekmek dabarasyna badalga berler.
Asylly däbe öwrülen ýazky ählihalk bag ekmek dabaralary her ýyl aýratyn öwüşginlere beslenýär. Sebäbi bu çäräniň halkymyzda täzelenişiň baýramy hasaplanylýan Milli bahar baýramy bilen utgaşdyrylyp geçirilmegi, oňa göwünleri ýaz ýakymyna beslenen ýaşuly we ýaş nesilleriň ählisiniň agzybirlikde, uly hyjuw bilen gatnaşmagy ählihalk bag ekmek dabarasyny ählihalk baýramyna öwrüp goýberýär diýsegem, lap etdigimiz bolmasa gerek.
Bagyň howany arassalaýandygy, onuň düzümindäki zyýanly maddalary özüne siňdirýändigi, netijede ekologiýa abadançylygyny üpjün edýändigi ylym tarapyndan bireýýäm subut edildi. Hut şol sebäpden-de, häzirki wagtda bütin dünýä şu ýol arkaly ekologiýa howpsuzlygyny döretmäge çalyşýar. Bu babatda birnäçe halkara guramalary hem hereket edýär. Biziň ýurdumyz olaryň birnäçesiniň agzasy we «ýaşyl» diplomatiýany ösdürmek, tebigy gorlary netijeli ulanmagyň hasabyna işjeň ykdysady ösüşi üpjün etmek, dünýä halklarynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, durnukly ekologiýa ösüşini gazanmak bilen bagly teklipleri yzygiderli hödürleýär, kämil ekologiýa syýasatyny durmuşa geçirýär.
Şeýle bolansoň, bag ekmek ýaly parz işe her bir ynsan döwtalap. Her bir ynsan, bolmanda bir agaç ekip, ýaşyl gurşawa, ekologiýa sagdynlygyna öz şahsy goşandyny goşmak isleýär. Kesewini dürtseň hem pür-pudak ýaýradýan bu toprak bolsa, şeýle dünýä ähmiýetli maksady kalbyna gaplan ynsanyň mähir-muhabbeti, howandarlygy bilen ýene-de rysgal-bereket eçilýär.
Halkymyzyň «Bag durmuşyň bezegidir» diýen paýhasly jümlesi biziň günlerimizde nurana arzuwlaryň amala aşýandygyny görkezýän hakykata öwrüldi. Daşky gurşawy gorap saklamak, gözel tebigatymyzy gözüň göreji ýaly aýamak biz — ýaş nesiller üçin mukaddes parzdyr.
Selbi GURBANOWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň himiýa fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.



