
Ýyllarboýy Türkmenistan parahatçylyk söýüjilikli, oňyn başlangyçly, hoşniýetli goňşuçylykly bitaraplyk we «Açyk gapylar» syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirip gelýär. Ýurdumyzyň Ýer ýüzünde durnukly ösüşi gazanmak, howpsuzlygy üpjün etmek we parahatçylygy pugtalandyrmak, sebit derejesinde ýakyn-u-alysdaky ýurtlaryň durmuş-ykdysady ösüşine ýardam etmek babatdaky tagallalary ählumumy ykrarnamasyna eýe bolýar.
Döwlet Baştutanymyzyň öňe sürýän belent maksatlarynyň, oýlanyşykly wezipeleriniň hatarynda dünýäde parahatçylygy hem-de ynanyşmagy berkitmegiň ileri tutulmagy we olara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesliniň aýratyn ornunyň ykrar edilmegi bellenmäge mynasyp. Çünki häzirki wagtda Ýer ýüzünde-de, Türkmenistan döwletimizde-de ilatyň aglaba bölegini ýaşlar eýeleýär. Şoňa görä-de, ýaşlar başlangyçly, gujurly, tutanýerli, köptaraplaýyn ukyplarynyň we mümkinçilikleriniň ýurdumyzyň bitaraplyk syýasatynyň çäklerinde Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek, şol sanda parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek boýunça çäreleriň amala aşyrylmagynda möhüm hereketlendiriji güýç bolup çykyş edýär diýsek ýalňyşmarys. Ýurduň geljegi bolan ýaş nesliň işjeň we başlangyçly ornunyň ykrar edilmegi bolsa, Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda ileri tutulýar.
Soňky wagtlarda halkara jemgyýetçiliginiň parahatçylygy üpjün etmäge, dünýä halklarynyň häzirki we geljekki durmuşynyň abadan bolmagyny gazanmaga äşgär çagyryşlar giň gerime eýe bolýar. Olaryň esasy wezipesi-de her bir döwletiň ykbalyna täsir edýän çylşyrymly ýagdaýlaryň oňyn we özara bähbitli çözgüdini tapmak, düşünişmegi we ynanyşmagy gazanmak bilen gönüden-göni baglydyr.
Dünýä bileleşiginiň hemmeler üçin parahatçylygy, durnuklylygy, howpsuzlygy we adalatly durmuşy gazanmaga bolan meýillerinde ýaşaýşyň dowamlylygyny üpjün edýän ýaşlaryň hem jogapkärli orny eýeleýändigini görmek bolýar.
Elbetde, ýaş nesliň wekilleri özleriniň nähili geljegi isleýändiklerini çürt-kesik suratlandyrmaga hem-de bu ugurda geçirilmeli häzirki zaman we ter çäreleri teklip etmäge ukyplydygy şübhesiz. Olaryň öňe çykarýan esasy talaplary, hususan-da, bilim, iş bilen üpjünçilik, adalatlylyk, çözgütleri kabul etmäge işjeň gatnaşmak ýaly ugurlar bilen baglydyr. Bu ugurlaryň nazara alynmagy ýaşlaryň ornunyň ykrar edilýändigini görkezýär, ýaş nesliň höwesini artdyrýar, watansöýüjilik duýgusyny galkyndyrýar.
Zybagözel HALLYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby.



