Žurnalistiň sahypasy

Aýdym-saz — serhetsiz dünýä

11-03-2023 / 9

Bi­ziň säh­ra gö­wün pe­der­le­ri­miz aý­dym-sa­zy dur­muş­da he­mi­şe­lik hem­ra­sy­na öw­rüp­dir­ler. Aý­dym-saz äle­mi­niň us­sat­la­ry­nyň her bir aý­dym-sa­zy uly yh­las bi­len dö­re­den­dik­le­ri mä­lim ha­ky­kat­dyr.

Meş­hur sa­zan­da Myl­ly Täç­my­ra­do­wyň şä­girt­le­ri­ne: “Bir sa­zy dö­ret­mek bir da­rag­ty ös­dü­rip ýe­tiş­di­ren­çe bar­dyr, hat­da on­da­nam kyn­dyr, azap ediň” di­ýen söz­le­ri, Sa­ry bag­şy ýa­ly ha­ly­pa­la­ryň: “Türk­me­niň aý­dym-sa­zy bör­ňül­däp ýa­tan aka­ba­dyr, aza­by­ny çek­me­seň, on­dan sa­ňa agyz­su­wam ýet­mez” di­ýen pent­le­ri yk­ba­ly­ny sun­gat äle­mi­ne bag­lan adam­lar üçin he­mi­şe­lik dur­muş ýö­rel­ge­si bo­lup­dyr. Gul­gel­di us­sa, Aman­gel­di Gö­nü­bek, Şü­kür bag­şy, Kel bag­şy, Hal­ly bag­şy, Päl­wan bag­şy, Mag­tym­gu­ly Gar­ly, Oraz Sa­lyr, Päl­wan bag­şy, Hy­dyr bag­şy, No­bat bag­şy, Dur­dy My­rat, Öre Şyh … ýa­ly asyr­la­ryň or­ta çy­ka­ran us­sat­la­ry­nyň çe­ken zäh­me­ti ne­ti­je­sin­de, türk­men aý­dym-saz­la­ry kä­mil­lik de­re­je­si­ne eýe bo­lup­dyr.

Ha­wa, aja­ýyp aý­dym-saz adam­la­ry bir­leş­dir­ýär, je­bis­leş­dir­ýär, ola­ry asyl­ly iş­le­re ruh­lan­dyr­ýar. Bu sö­züň do­ly ma­ny­syn­da şeý­le. Ha­çan-da, aý­dym-saz ýaň­la­nan­da, yn­san­la­ryň köň­lün­de ýa­kyn­lyk, bir­leş­me eme­le gel­ýär. Aý­dym-saz ýaň­la­nan­da, adam­da tä­ze iş­le­ri amal et­mä­ge bo­lan hö­wes dö­re­ýär.

Aý­dym-saz üçin dil ser­he­di ýok. Dün­ýä­niň haý­sy mil­le­ti­niň aý­dym-sa­zy ýaň­lan­sa-da, yn­san oňa dü­şü­nip, on­dan köň­lü­niň is­le­ýän is­le­gi­ni ta­pyp bil­ýär. Bu Al­la­ta­ga­la­nyň yn­san og­lu­na eçi­len aja­ýyp bir aý­ra­tyn­ly­gy­dyr.

Türk­men aý­dym-saz­la­ry­nyň te­ma­ti­ka­sy örän giň­li­gi bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Şeý­le bir za­dy aý­ra­tyn bel­le­mek ze­rur­dyr, ol hem türk­men­le­ri­miz­de dö­re­di­len aý­dym­la­ryň esa­sy te­ma­sy­nyň wa­tan­çy­lyk, hoş­ni­ýet­li­lik, yn­sa­ny söý­mek, yn­san­per­wer­lik, dost-do­gan­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýan­ly­gy­dyr. Haý­sy aý­dym ýaň­lan­sa-da, bu ugur­lar ol aý­dy­myň için­den al­tyn sa­pak bo­lup geç­ýär. Mu­nuň özi bi­ziň mil­li ru­hu­my­zyň mi­we­si­dir.

Annamyrat TUWANOW,
Boldumsaz etrabynyň Gubadag şäherindäki Çagalar sungat mekdebiniň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu