Žurnalistiň sahypasy

Belent ruhuň synmaz sütüni

10-03-2023 / 8

Häzirki wagtda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem-de gymmatly edebi mirasy içgin öwrenilýär. Beýik nusgawy şahyryň döredijilik mirasy dünýä edebiýatynyň genji-hazynasyna girdi.

Ýurdumyzda, şeýle hem daşary ýurtlarda beýik şahyra we akyldara bagyşlanan dabaralar geçirilýär. Şol çäreler Magtymgulynyň bahasyna ýetip bolmajak edebi mirasyny hem-de filosofiki garaýyşlaryny, onuň eserleriniň milli we dünýä edebiýatyny baýlaşdyrmaga eden täsirini  ylmy taýdan öwrenmek  boýunça uly ähmiýete eýedir.

Toý-baýramyň  joşgunyny  ýada  salýan, gadymy Jeýhun derýasy  bilen  durnagöz  çeşme  kimin  dury  suwuna  gözel  Awazanyň keşbini  kebşirläp  oturan  Bahry-Hazar  arasynda  ýaşaýan halkymyzyň  agzybirligini,  jebisligini  şygar  edinen  beýik  akyldar Magtymguly Pyragynyň arzuwlan Berkarar döwleti bu günki gün dünýäde parahatçylygyň we dost-doganlygyň mekanyna öwrüldi. XVIII asyr türkmen durmuşy, taryhy we syýasy wakalar, türkmen topragyna bolan çäksiz söýgi, özüni kemala getiren halka bolan söýgi, durmuşy meseleler, tebigat gözelligi, ahlak arassalygy, söýgi tämizligi… bularyň hemmesi şahyryň döredijiliginde ymykly orun tapýar.

Magtymgulynyň şahyrana dünýäsi giňdir. Şahyr öz döwrüniň ahlagyna, medeniýetine sesini goşupdyr. Emma çeper eseriň ruhy meýdany dörediji şahsyň akyl eleginden çyksa-da, şol bir wagtda onuň şahyranalyk, manylylyk, çeperçilik hörpi millidir, hususydyr hem-de köp taraply we köp ugurlydyr. Magtymgulynyň şahyrana şahsyýetiniň köp öwüşgünliligi, ynsan  kalbyny eýeläp bilşi onuň şahyrana dünýäsiniň  ynsanyň  ýaşyna, kärine, dünýewi ygtykatlaryna seretmezden, olaryň islegini, ruhy hem-de lezzet alyş talabyny ödäp, kanagatlandyryp bilýändiginde jemlenendir.

Magtymguly Pyragy türkmen tebigatynyň aýdymçysydyr, ony ýokary derejede wasp eden şahyrdyr. Magtymguly Pyragynyň döredijiligi umman ýaly giň, ene  ýaly mähriban, türkmen halkynyň merdana ogullary ýaly gaýduwsyz.

Altyn GURBANDURDYÝEWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu